Sepleriň elýeterliligi

logo-print

BMG garyp ýurtlar boýunça maslahat geçirýär


BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun häzirki öňde duran maksatlary durmuşa geçirmek üçin edil häzir 26 milliard dollar serişdäniň, 2015-nji ýyla çenli bolsa ýene 100 milliard dollar töweregi serişdäniň zerurdygyny aýtdy.

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun häzirki öňde duran maksatlary durmuşa geçirmek üçin edil häzir 26 milliard dollar serişdäniň, 2015-nji ýyla çenli bolsa ýene 100 milliard dollar töweregi serişdäniň zerurdygyny aýtdy.

Duşenbe güni Nýu-Ýorkda dünýä döwletleriniň 130-dan gowragynyň liderleriniň gatnaşmagynda Birleşen Milletler Guramasynyň üç günlük Sammiti öz işine başlady.

Bu sammit dünýäniň ösen döwletleriniň ykdysady taýdan kynçylyk çekýän garyp ýurtlary 2015-nji ýyla çenli garyplykdan çykarmak boýunça göz öňünde tutýan planlaryna nähili amal edýändiklerine syn bermekligi göz öňünde tutýar.

Mundan 10 ýyl ozal Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlar dünýäniň dürli regionlarynda garyplygy we açlygy ýeňip geçmegi, orta bilimi hemmeler üçin elýeterli etmegi, çaga ölümini ur-tut azaltmagy we HIV-AIDS keseliniň ýaýramak depgininiň öňüni almagy öz öňlerinde maksat edip goýupdylar. Bu maksatlar bolsa, 2015-nji ýyla çenli möhlet bilen goýlupdy.

Doly ýerine ýetirilmedi

Bu goýlan möhletiň tamamlanmagyna bary-ýogy bäş ýyl galdy. Geçirilen köp hasaplamalara görä, şu geçen 10 ýylyň içinde-de göz öňünde tutulan çäreleriň köpüsi doly ýerine ýetirilmedi.

Birleşen Milletler Guramasynyň baş sekretary Ban Ki-mun düýn BMG-niň Sammitinde eden çykyşynda bu meselede birneme optimistik görünse-de, düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän, hökümete degişli bolmadyk Daşary Gatnaşyklar boýunça Geňeşiň eksperti Mark Lagon global garyplygy ýeňip geçmek ýaly meseleler boýunça BMG-niň geçirýän çäreleriniň netijeleriniň adaty adamlaryň durmuşynda kän bir göze ilmeýändigini belleýär.

Ol bu barada, hususan-da, şeýle diýdi: «Köp ýurtlaryň dünýädäki garyplyk bilen bagly aladalaryny mälim etmeklerinde Birleşen Milletler Guramasy özboluşly bir forum bolup geldi. Emma, rowaçlyk we ykdysady ösüş üçin mehanizmleri döretmek meselesinde welin, Birleşen Milletler Guramasynyň oýnaýan roly örän pes».

Bu gürrüňi edilýän meselelerde Dünýä Banky we Halkara Walýuta Fondy ýaly guramalar has möhüm rol oýnap gelýärler. Aýratynam, bu maliýe guramalary özleri tarapyndan döredilen, gözegçilik edilýän ýa-da maliýeleşdirilýän birgiden ösüş proýektleriniň üsti bilen adamlaryň maliýe ýagdaýlaryna oňyn täsir edip gelýärler.

Birleşen Ştatlarda ýerleşýän, hökümete degişli bolmadyk Daşary Gatnaşyklar boýunça Geňeşiň halkara institutlar we global dolandyryş boýunça programmasynyň direktory Stýuart Patrik möhüm global problemalara halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmekde we aýry-aýry meseleler boýunça karara gelmekde häzirki ýaly global maslahatlaryň gowy çäredegini aýdýar.

“Badyhowa görünýär”

Emma, beýleki tarapdan, ol «Müňýyllygyň ösüş maksatlary» diýlip at berilýän planlaryň has badyhowa planlar bolup görünýändigini belleýär: «Bu göz öňünde tutulýan maksatlar örän badyhowa görünýär. Olary durmuşa geçirmek islendik ýagdaýda-da kyn bolar. Ýöne 2008-nji ýylyň ahyrynda ýüze çykan global ykdysady krizis ýagdaýy has hem kynlaşdyrdy. Umuman, meniň aýtjak bolýanym, halkara jemgyýetçiligi bu öňde goýlan maksatlara hötde gelmekde süýrenjeňlik edýär».

Hakykatdanam, soňky global maliýe krizisi donor ýurtlaryň öz öňlerinde goýan maksatlarynyň we wezipeleriniň hötdesinden gelmek mümkinçiliklerine örän ýaramaz täsir etdi.

Elbetde, BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýasynda kömege mätäç ýurtlara ol ýa-da beýleki bir görnüşde ýardam bermäge taýýardygyny yglan eden ýurtlar hem boldy. Mysal üçin, türkmen prezidenti Berdimuhamedow Türkmenistanyň goňşy Owganystana demirýol gurluşygy we kadrlary taýýarlamak meselesinde ýakyndan ýardam berip biljekdigini nygtady.

Emma, BMG-niň göz öňünde tutýan ösüş programmalary has uly maliýe ýardamlaryny talap edýär. Ýakynda Britaniýanyň premýer-ministri Dewid Kameron öz ýurdunyň halkara ösüş programmalary üçin berýän maliýe ýardamlaryny görnetin azaltmaly boljakdygyny mälim etdi. Maliýe ýardamlaryny azaltmaklygy göz öňünde tutýan ýurtlar başga-da az däl.

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun häzirki öňde duran maksatlary durmuşa geçirmek üçin edil häzir 26 milliard dollar serişdäniň, 2015-nji ýyla çenli bolsa ýene 100 milliard dollar töweregi serişdäniň zerurdygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG