Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mätäçlik adamlary garaşly edýär


Häkimiýet başynda kimiň oturandygyna, ýurtda haýsydyr bir oňyn başlangyçlaryň bardygyna ýa ýokdugyna garamazdan, türkmen propagandasy köp ýyllar bäri häkimiýetleri diňe öwmek bilen meşgullanýar. Şol bir wagtda-da propagandanyň birnäçe üýtgewsiz ugurlary bar, dünýäde düýpli syýasy, ykdysady we medeni öwrülişikleriň bolýandygyna garamazdan, türkmen propagandasynyň şol ugurlary onýyllyklaryň dowamynda ýeke gezegem derňelmedi, analiz edilmedi.

Türkmenistanyň köpçülikleýin habar serişdeleri ýurduň raýatlaryna gazyň, elektrik energiýasynyň, suwuň, duzuň mugt berilýändigini aýdyp ýadamaýar. S.Nyýazow döwründe-de, häzirem resmi propaganda muny döwletiň ýurduň ilatyna berýän baý peşgeşi hökmünde häsiýetlendirýär. Wagtyň geçmegi bilen adamlar bu hadysanyň gümürtik taraplary barada pikirem etmän, aýdylýana öwrenişibem başladylar. Ondanam başga köpler, belki, mugt berilýän zatlar, kommunal hyzmatlaryň , jemgyýetçilik transportunyň simwolik bahasy öz graždanlary hakda döwletiň aladasy hasap edýän bolmaklary-da mümkin. Propaganda bu işleri döwletiň sosial ugra aýratyn üns berýändigi diýip nygtaýar.

Dünýä tejribesine syn etsek, hemme zat tersine bolup çykýar. Türkmenistan bilen deňeşdirilende senagat taýdan has ösen hem baý ýurtlaryň ýekejesinde-de öz graždanlaryna Türkmenistandaky ýaly sowgat edilmeýär. Ýewropada-da, Amerikada-da hiç bir adam mugt duz almaýar. Elektrik togy, gaz barada gürrüňem ýok. Türkmen döwletiniň bu sowgatlary ýurduň ykdysadyýetinde uly gyşarmalaryň signaly, alamaty bolmagy mümkin. Ol ozaly bilen ilat arasynda girdejileri paýlamakda deňligiň, adalatyň ýokdugy bilen bagly bolmagy mümkin.

Mugt hyzmatlar

Mugt hyzmatlar Sowet Soýuzynda birnäçe gezek girizilen kartoçka sistemasyny ýada salýar. Şol sistema mejburlyk, agyr krizis sebäpli girizilýärdi. Mysal üçin, uruşdan soň ykdysadyýetiň kadaly işlemeýändigi üçin kartoçka sistemasy girizilipdi. Döwlet ykdysady sistemany kadaly ýagdaýda saklap bilmeýärdi. Berilýän aýlyklar adamlaryň durmuş hajatlaryna ýetmeýärdi. Belki şu sebäpden Türkmenistanyň graždanlaryna gaz, duz, suw, elektrik togy mugt berilýändir? Şonuň üçin döwlet juda pes aýlyklary galdyryp bilýän däldir ýa-da oňa islegi ýokdur.

Şeýle pes aýlyklar S.Nyýazow döwründe döwlet syýasaty derejesinde ornaşdyrylypdy. Bu işiň soňy şeýle bir geň ýagdaýlara baryp ýetdi: günleriň birinde köp adamlar pensiýasynyň bir bölegini, köpler bolsa tutuş pensiýasyny ýitirdi oturyberdi. Şu prinsip esasynda ýurtda şu wagta çenli işsizlik boýunça kömek puly tölenmeýär.

Dünýäniň ösen döwletlerinde garyplyk çäginden aşakda ýaşaýan adamlar gije ýatar ýaly jaý hem mugt nahar bilen üpjün edilýär. Garyplary naharlaýan ýörite nokatlar işleýär. Türkmenistanda işleýän adamlaryň zähmetine tölenýän hak şol garyplyk çäginden daşda däl. Galdyrylýan aýlyklaryň ululygy zerur harajatlardan hemişe yzda. Mugt duzuň çözýän zady ýok. Mätäçlik adamlary garaşly edýär. Ýa döwletiň esasy maksady şundamyka?

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG