Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

25 sany täjik esgeri öldürildi


Hökümet güýçleri häzir öten aý Duşenbede tussaghanadan gaçan 18 adamy ele slamak barada iş alyp barýarlar.
Hökümet güýçleri häzir öten aý Duşenbede tussaghanadan gaçan 18 adamy ele slamak barada iş alyp barýarlar.

Täjik häkimiýetleri ýurduň Owganystan bilen aradaky serhediniň golaýynda bir hüjümde iň bärsinden 25 esgeriň öldürilmeginde yslamçy söweşijileri günäleýärler.

Goranmak ministrliginiň işgärleri bu ministrligiň konwoýynyň Raşt jülgesinde hüjüme uçrandygyny bildirdiler. Bu jülge ozal 1990-njy ýyllarda graždanlyk urşunda hökümete garşy söweşen yslamçy oppozisiýanyň “demir galasy” hasaplanýardy.

Goranmak ministrligi bu hüjümi “namartlyk bilen edilen terrorçylykly iş” diýip, ýazgardy. Ol bu işde öňki oppozision serkerdebaşy Alowaddin Dawlatow bilen Abdullo Rahimowy aýyplaýar. Ministrligiň sözçüsi Feridun Mahmadalyýewiň aýtmagyna görä, bu hüjüme ençeme çet ýurtly, şol sanda owganystanly, çeçenistanly we pakistanly söweşijiler gatnaşypdyr.

“Olaryň maksady mukaddes yslam dinine dulanyp, Täjigistanyň asudalygynyň we durnuklylygynyň köküni gyrmak, Täjigistany regionyň radikal, pitneçi yslam güýçleriniň merkezine öwürmek” diýip, Mahmadalyýew aýtdy.

Hüjümçileri ele salmak üçin häkimiýetleriň regiona goşmaça esger ibelerenligi habar berilýär. Regionda hökümet güýçleriniň sanynyň artandygyny ýerli ilat hem tassyklaýar. “Biz dikuçarlaryň şu ýere uçup geleýänini, şeýle hem üsti esgerli maşynlary gördük. Indi hem yzymyza dolanmaga gorkup, ýolda otyrys” diýip, raştly bir zenan aýtdy.

Oppozision söweşijiler ýazgarýar

Öňki oppozision söweşijileriň käbiri aradan salym geçirmän, bu hüjümi ýazgaryp, özleriniň onuň bilen hiç bir ilteşikleriniň ýokdugyny aýtdylar. Şu regionda ýaşaýan öňki yslamçy söweşiji Olim Odilow bu hüjümi kimleriň amala aşyrandygyny ne özüniň, ne-de öňki oppozision egindeşleriniň bilýändigini aýdýar.

“Biz bular ýaly zatlara goşulamzok. Ol ýerde näme zatlaryň bolandygyny entek anyk bilýän ýok. Bu ne bize, ne-de hökümete belli. Biziň bu hüjüm bilen hiç hili ilteşigimiz ýok. Biz, ine, öýmüzde otyrys. Muňa gatnaşan bolsadyk, eýýäm başymyz alyp giderdik” diýip, Odilow aýdýar. Graždanlyk urşunda oppozisiýanyň tarapyny çalan tanymal dini we syýasy şahsyýet Hoji Akbar Turajonzode hem düýn “aýylganç jenaýat” diýip, bu hüjümi ýazgardy.

Hökümet güýçleri häzir öten aý Duşenbede tussaghanadan gaçan 18 adamy ele slamak barada iş alyp barýarlar. Milli howpsuzlyk komitetiniň tussaghanasyndan ýaňy awgust aýynda 25 adam gaçdy. Bularyň köpüsi yslamçy söweşijiler, hemmesi hem prezident Emamoly Rahmona garşy. Gaçgaklaryň ýedisi golaýdaky etraplarda ýene ele salyndy. Hökümet güýçleri şondan bäri gözleg işlerini Raşt jülgesinde dowam etdirýärler.

Raşt jülgesi 1992-den 1997-nji ýyla çenli dowam eden graždanlyk urşunda Rahmonyň dünýewi hökümetine garşy söweşen yslamçy oppozisiýanyň iň güýçli ýeri hasaplanýardy.
XS
SM
MD
LG