Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda harby dikuçar heläkçige uçrady


21-nji sentýabrda Owganystanyň günortasynda harby dikuçar heläkçilige uçrady. Bu wakada NATO-nyň esgerlerinden 9-synyň heläk bolandygy, 3 adamyň ýaralanandygy habar berilýär.

Talyp gozgalaňçylarynyň metbugat sekretary Yusuf Ahmadi özleriniň dikuçary atyp düşürendiklerini, ondaky azyndan 10 adamyň heläk bolandygyny aýtdy.

NATO-nyň ýaranlyk güýçleri bu waka bilen bagly derňewiň geçirilýändigini habar berip, dik uçaryň heläkçilige uçran ýerlerinde ok atyşlygyň bolmandygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG