Sepleriň elýeterliligi

Somaliniň premýer-ministri wezipesinden çekildi


Somaliniň premýer-ministri Omar Abdyraşyd Ali Şarmanke 21-nji sentýabrda wezipesinden çekilýändigini yglan etdi.

Soňky döwür Somaliniň premýer-ministri bilen ýurduň prezidenti Şarif Şeýh Ahmediň arasynda ylalaşmazlyk artypdy.

BMG Somaliniň hökümetini, onuň ýurda doly gözegçilik edip bilmeýändigine garamazdan, ekstremistik Aş-Şabab toparyna garşy göreşýändigi üçin goldaýar.

Aş-Şabab topary Somaliniň paýtagty Mogadişu şäheriniň köp bölegine we ýurduň merkezinde hem-de günortasynda ýerleşýän regionlara gözegçilik edýär.
XS
SM
MD
LG