Sepleriň elýeterliligi

Ýewropada gününe 40 adam zorlugyň pidasy bolýar


Bütindünýa saglygy saklaýyş guramasynyň 21-nji sentýabrda ýaýradan maglumatynda Ýewropa ýurtlarynda zorlugyň netijesinde her ýyl 15 müňe golaý ýaş oglan-gyzlaryň heläk bolýandygy aýdylýar. Olaryň 40%-e golaýy pyçaklanyp öldürilýär.

Bütindünýa saglygy saklaýyş guramasynyň bu barada ýaýradan maglumatynda “gününe 40 ýaş oglan-gyzyň öldürilmeginiň jemgyýet üçin gaty uly ýitgidigi” aýdylýar.

Bu barada geçirilen barlaglaryň netijesinde Ýewropa ýurtlarynda ýaşlaryň 12%-niň ýanlarynda pyçak göterýändikleri anyklandy.

Orsýet, Albaniýa, Gazagystan we Gündogar Ýewropa ýurtlarynda ýaşlaryň arasynda döreýan köp çaknyşyklaryň adam pidalaryna sebäp bolýandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG