Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Taryhy hakykaty dogry bermek - mertlikden nyşan


Möwlamow: "Seýit Jemal ed-diniň ýadygärligi diýlip atlandyrylýan aramgähde onuň özi däl-de, kakasy ýatyr".
Möwlamow: "Seýit Jemal ed-diniň ýadygärligi diýlip atlandyrylýan aramgähde onuň özi däl-de, kakasy ýatyr".

14-nji sentýabrda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow medeniýet we bilim ulgamynyň ýolbaşçylary bilen maslahat geçirdi.

«Türkmen döwlet habarlar» gullugynyň ýaýradan maglumatlarynda habar bermegine görä, bu maslahat medeniýeti, taryh ylmyny ösdürmek, türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklarynyň esasynda täze döwlet we jemgyýetçilik ideologiýasyny kemala getirmek meselelerine bagyşlandy.

Umuman aýdanyňda, prezident Berdimuhammedow türkmen arheologlarynyň Türkmenistanyň uzak geçmişiň dowamynda bolan gadymy siwilizasiýanyň mekanydygyny subut etmelidiklerini, taryhçylaryň bolsa türkmeniň gadymdan gelýän hakyky taryhyny ýazmalydygyny, medeniýet işgärleriniň Türkmenistanyň territoriýasyndaky gadymy ýadygärlikleri dikeltmelidigini, klassyky ýazyjy-şahyrlaryň eserlerini, geçmişde ýaşan türkmen akyldarlarynyň filosofik mirasyny öwrenmelidigini, wagyz etmelidigini, bu işleriň ylmy mekdebi ösdürmegiň möhüm ugrudygyny nygtap geçdi.

«Biziň iň täze taryhymyz täze Galkynyş eýýamynda türkmen döwletiniň ideologiýasynyň kemala gelmeginiň zerurlygyny şertlendirýär. Şonuň üçin hem ýaşaýşyň täze filosofiýasyny döretmek onuň (häzirki türkmen döwletiniň ideologiýasynyň) ileri tutulýan ugruna öwrülmelidir. Şol filosofiýa bolsa taryhyň durmuş, medeni, ruhy tejribesini, milli mirasy Türkmenistanyň häzirki ösüşiniň wezipeleri bilen baglanyşdyrmalydyr. Şunuň bilen baglylykda alymlara, pedagoglara, medeniýet işgärlerine, žurnalistlere möhüm orun degişlidir» diýlip, ýurt baştutanynyň 14-nji sentýabrda geçen maslahatda sözlän sözünde aýdylýar.

«Häzir ähli zada gaýtadan garamagyň we hakyky taryhy we arheologik maglumatlaryň, türkmenleriň geçmişiniň inkär edip bolmajak subutnamalarynyň esasynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň düzüminde döredilen, taryh, arheologiýa institutlarynyň, şeýle hem medeniýet we bilim ulgamynyň beýleki edaralarynyň işini täze derejä çykarmagyň wagty ýetdi. Iň täze taryhyň we häzirki zaman döwlet ideologiýasynyň meselelerini hem ylmy taýdan işläp taýýarlamak möhümdir» diýlip, ýene döwlet baştutanynyň maslahatda sözlän sözünde nygtalýar.

Diýmek, ýene taryh täzeçe ýazyljak. Türkmeniň gadymy taryhy şu günki taryha seplenjek.

Biziň pikirimizçe, taryh her döwürde täzeçe ýazylmaly dälmikä diýýäris. Taryh nesillere bolşy ýaly ýetirilmeli. Türkmenistanda taryhy ýazgylar häli-şindi täzelenýär. Ol sowet hökümeti tarapyndan bir dürli ýazyldy. Soňra Nyýazowyň hökümeti tarapyndan ýene bir dürli ýazyldy. Indi ýene täze döwre laýyk ýazyljak. Beýdip, häli-şindi täzeden ýazylyp durulsa, taryh ýoýulýar. Aslynda, hiç bir hökümet geçmiş taryha goşulmaly däl. Hakyky taryhy taryhçy alymlaryň özi ýazýar. Taryhy ýazyp üýtgedip bolmaýar. Ol bolup geçen hakyky waka, fakt. Hakyky wakalary şol döwrüň taryhçylary ýazyp gidipdirler. Indiki taryhçylara ýazylan zady täzeden ýazmak gerek däl, ol faktlary diňe kitap görnüşinde nesillere ýetirmeli.

Taryhy ýadygärlikleri dikeltmek

Taryhy ýadygärlikleri dikeltmek üçin ilki bilen ol ýadygärligiň taryhyny öwrenmeli. Türkmenistanyň territoriýasyndaky taryhy ýadygärlikler esasan kimdir biriniň mazar jaýy bolan gümmezlerden ybarat. Olar bolsa esasan arap basybalyjylaryna degişli. Ýazgylar gümmezleriň aşagynda ýatanyň arap-pars şahsyýetlerine degişliliginden habar berýär. Esasan hem olar dindarlar — din hadymlary, ýagny, türkmen topragyna yslamy ýaýratmaga gelen adamlar. Mysal üçin türkmenleriň zyýarat diýip barýan gümmezleriniň biri bolan — Seýit Jemal ed-diniň ýadygärligi hakda şulary aýdyp bolar — ýagny, Seýit Jemal ed-din baý, söwdagär adam bolupdyr. Ol öz kakasy ýogalanda, kakasynyň mazarynyň üstüne ullakan gümmez galdyrdýar. «Seýit Jemal ed-diniň ýadygärligi» diýlip atlandyrylýan aramgähde onuň özi däl-de, kakasy ýatyr. Taryhy ýadygärlikler hökmünde beýle ýadygärlikleri dikeltmek islegi — zerurlygy bar bolsa, ol ýadygärlikler dikeldilse-de bolar. Gökdepe galasyny, Nusaý galasyny, Soltan Sanjaryň galasyny, Köneürgençdäki ýadygärlikleri restowrasiýa etse-de bolar.

«Biziň eýýamymyzdan öňki üçünji müňýyllykdan başlap Marguş, Altyndepe, Parfiýa, Köneürgenç we beýlekiler ýaly gadymy türkmen döwletleri kemala gelip başlady» diýlip, ýurduň prezidentiniň maslahatda sözlän sözlerinde nygtalýandygyny «Türkmen döwlet habarlar» gullugynyň ýaýradan maglumatlarynda aýdylýar.

Diýmek, biziň eramyzdan öňki üçünji müňýyllyk… Bu döwürde «türkmen» diýen söz ýok. «Türkmen» diýen söz, taryhy maglumatlara görä, hatda biziň eramyzyň on bäşinji asyrynda-da gabat gelenok. Taryhy maglumatlara görä, Nusaý şäheri bir döwürde ahemenilere, bir döwürde parfiýalylara, bir döwürde Aleksandr Makedonskä, bir döwürde pars patyşalary bolan — sasanlar patyşalary Bähram Gura, Ýezdegerde, Guştaspa, Eşkanylar (rusça—arşakidler) dinastiýasyna, soňra Eýranyň Horasan welaýatyna degişli bolan.

Umuman alanyňda, dünýäniň ähli ýurtlarynyň-da bolşy ýaly, türkmenleriň häzirki ýaşaýan topragy gadymy döwürde dünýäniň basybalyjylarynyň ençemeleriniň at toýnagynyň torç eden mekanydyr. Muny gadymy döwürde belli bir ýurduňkydy diýip aýdyp bolmaýar. Häzirki Marynyň taryhy-da şeýle. Gadymyýetde «Merw, Marguş, Margiana» diýen ýaly atlandyrylan Mary topragy bir gün sefewileriň gol astynda bolýar, bir gün samanileriň, ýene bir gün ony seljuklar bilen oguzlar alýar, bir gün ilhanylar bilen teýmuriler alýar. Geçmişde Merw hem Horasan welaýatynyň territoriýasyna degişli bolýar. Hatda ol köp pars şalarynyň paýtagty bolýar. Pars patyşalarynyň iň soňky şasy Ýezdeger bin Şähriýar Maryda öldürilýär. Türkmenleriň aňyrsy hasaplanýan seljuklar bilen oguzlar hem ol döwürlerde «Türkmen döwleti» hasaplanmaýar. Olar taýpa hökmünde hereket edýärler.

Köneürgenç hem gadymyýetde Horezm welaýatyna degişli bolup, mamunlara, Horezm şalara, horezm şasyna degişli paýtagt bolýar. Bir günem Köneürgenji araplar basyp alyp, oňa «jorjanj», «jorjaniýe» diýýärler.

«Taryhy bilimiň ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde we raýatlarymyza taryhy öwretmekde, şeýle hem bütin dünýäde biziň ýurdumyz baradaky taryhy bilimleri wagyz etmekde möhüm orun eýeleýändigini nazara almak bilen, akademiki ylmyň wekilleriniň, orta we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň, arhiw we kitaphana işgärleriniň, muzeý işini öwrenijileriň we publisistleriň tagallalaryny birleşdirmek zerurdyr» diýlip, döwlet baştutanynyň maslahatda sözlän sözünde ýene aýdylýar.

Bu zatlary edip bolsa — taryh halka hakykylygy bilen ýetirilse, oňa ýetesi zat ýok. Ýöne hiç bir sözi başga halkdan geçdi diýmegem gadagan edilýän ýurtda şäherleriň öň başga biriniňki bolanlygy hakdaky hakykat ýazdyrylarmyka?!

Çoluk Möwlamow aşgabatly intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy. Bu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG