Sepleriň elýeterliligi

Moskwada azyndan 10 aktiwist tussag edildi


Düýn Orsýetiň habar agentlikleri Moskwanyň şäher administrasiýasynyň gomoseksual toparlara garşy alyp barýan syýasatyna protest bildirip çykyş eden aktiwistlerden azyndan 10-synyň tussag astyna alnandygyny habar berdiler.

Bu tussag edilenleriň hatarynda geýleriň hukugyny goraýjy Assosiasiýasynyň başlygy Nikolaý Alekseýewiň hem bardygy habar berilýär.

Moskwanyň şäher häkimiýetleri düýnki protest çykyşyna resmi rugsat berilmändigini aýdýarlar.

Moskwa şäheriniň meri Ýuriý Lužkow paýtagtda geýleriň hukugyny goramak bilen baglanyşykly ýörişleriň geçirilmegine yzygiderli rugsat bermän gelýär.
XS
SM
MD
LG