Sepleriň elýeterliligi

Azerbaýjana ilçi hökmünde Braýzanyň kandidaturasy gollandy


Düýn Amerikan Senatynyň Daşary gatnaşyklar boýunça Komiteti Birleşen Ştatlaryň Azerbaýjandaky ilçisiniň wezipesine prezident Obama tarapyndan hödürlenilen Matýu Braýzanyň kandidaturasyny goldap, ses berdi.

Matýu Braýza mundan öň, Birleşen Ştatlaryň ozalky prezidenti Jorj Buşuň ýurdy dolandyran ýyllarynda Döwlet sekretarynyň Ýewroaziýa meseleleri boýunça orunbasarynyň kömekçisi wezipesinde işläpdi.

Onuň kandidaturasynyň Azerbaýjandaky ilçilik wezipesine hödürlenmegine Birleşen Ştatlardaky ermenileriň diasporasynyň wekilleri garşy çykyş edipdiler.

Ermenistan tarapy Matýu Braýzany käbir möhüm meselelerde, şol sanda, Daglyk-Garabag regiony bilen baglanyşykly dawaly meselelerde-de Azerbaýjanyň bähbidini arap, tarapgöý syýasat alyp barmakda aýyplaýar.

Matýu Braýzanyň ilçilik wezipesine doly tassyklanylmagy üçin indi tutuş Senatda bu boýunça ýörite ses berişlik geçirilmeli.
XS
SM
MD
LG