Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Watikan bankynyň iki sany resmisiniň işi derňelýär


Rimiň jenaýat-derňew işgärleri bikanun pul ýuwuşlygy bilen bagly bildirilýän aýyplamalar boýunça Watikan bankynyň iki sany resmisiniň işini derňemegini dowam etdirýärler.

Rimiň prokuraturasy Watikan bankyna degişli 23 million ýewro serişdäni konfiskasiýa edip, bankyň başlygy Ettore Gotti Tedesçiýä we bankyň ýene bir ýokary derejeli resmisine garşy jenaýat işini gozgamak barada karar çykardy.

Prokuraturanyň bu kararyna resmi Watikan nägilelik bildirip, bankyň bu resmilerine özüniň doly ynam edýändigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG