Sepleriň elýeterliligi

Berdmuhamedow daşary döwletleriň wekilleri bilen duşuşdy


Sişenbe güni prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 65-nji sessiýasynyň çäklerinde Nýu-Ýorkda daşary döwletleriň käbir syýasy we biznes wekilleri bilen duşuşyklar geçirdi.

Hususan-da, ol Germaniýanyň kansleri Angela Merkel, «Türkmenistan-ABŞ» Işewür Geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart, «Ekson Mobil» nebit kompaniýasynyň başlygy Rob Franklin, Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň Ýewroaziýa energetika meselesi boýunça ýörite wekili Riçard Morningstar, BMG-niň Ösüş programmasynyň administratory Helen Klark we käbir beýleki resmiler bilen duşuşdy.

Mundan daşary, türkmen prezidenti Nýu-Ýorkyň «Plaza» myhmanhanasynda Birleşen Ştatlaryň işewür toparlarynyň wekilleri bilen-de duşuşyk geçirdi.

Bu duşuşyklarda prezident Berdimuhamedow daşary ýurtlaryň bu wekilleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklaryň dürli ugurlary barada pikir alyşdy.
XS
SM
MD
LG