Sepleriň elýeterliligi

Ukrain žurnalisti ýenjilendigini aýdýar


Ukrainanyň Donesk şäherinden žurnalist Artýom Furmanýuk geçen hepdäniň ahyrynda özüniň milisiýa işgärleri tarapyndan güýçli ýenjilendigini aýdýar.

Bu waka prezident Wiktor Ýanukowiçiň ýolbaşçylygy astynda Ukrainada metbugat azatlygynyň kem-kem gysylýandygy bilen bagly bildirilýän aladalary has-da artdyrdy.

Žurnalist Artýom Furmanýuk Donesk regionyndaky jenaýatçylyklar we korrupsiýa bilen bagly meseleler barada maglumat ýaýradýan internet saýtyna eýelik edýär.

Artýom Furmanýukyň aýtmagyna görä, milisiýanyň hüjümi geçen anna güni, 17-nji sentýabrda onuň Doneskdäki öýüniň golaýynda nätänyş adamlaryň bir topary bilen öz arasynda ýüze çykan dawanyň yzy bilen ýüz beripdir.

Ýerli milisiýa Artýom Furmanýukyň bedenine salnan ýaralaryň onuň köçede nätänyş adamlar bilen urşunyň netijesidigini aýdyp, özüne bildirilýän aýyplamalary ret edýär.

Emma žurnalist Artýom Furmanýuk köçede özüne yrsaran nätanyş adamlardan biriniň milisiýada işleýän öz dostlaryna jaň etmeginiň yzy bilen, milisiýa işgärleriniň dessine gelip, özüniň, şeýle hem öz agasy Anton Furmanýukyň we ýene iki sany dostunyň eline gandal geýdirip, öz bölümlerine äkidendiklerini aýdýar.

Ol bu barada, hususan-da, şeýle gürrüň berdi: «Olar geldiler-de, dessine biziň elimize gandal geýdirip başladylar we bizi Kalininskiý raýonynyň milisiýa bölümine alyp gitjekdilerini aýtdylar. Olar dostum Ýewgeniý bilen agamyň eline derrew gandal geýdirdiler. Emma olar meniň elime we dostum Romanyň eline başda gandal geýdirip bilmediler. Sebäbi biz olaryň nämäniň esasynda beýle hereket edýändiklerini sorap, elimize gandal geýdirmeklerine garşylyk görkezdik».

Suwasalma ýenjipdirler

Žurnalist Artýom Furmanýuk şol wakada milisiýa işgärleriniň özüni ýere ýykyp, depgä alandyklaryny we rezin taýaklar bilen ýenjendiklerini aýdýar. Onuň aýtmagyna görä, milisiýa işgärleri ony öz ýerli edaralaryna alyp gidenlerinden soň hem, ol ýerde ýenjipdirler.

Artýom Furmanýuk bu urgular sebäpli gapyrgalarynyň döwlendigini, gözüne we endamyna dürli hili ýaralaryň salnandygyny mälim etdi.

Bu bolan wakany žurnalistiň dosty Roman Samoýlew hem tassyklady: «Bu hüjüm hiç hili duýduryşsyz we hiç hili dokument görkezmezden amala aşyryldy. Olar geldiler-de, dessine Antonyň eline gandal dakdylar. Artýom bilen men olaryň nämä esaslanyp beýle hereket edýändiklerini aýdyp, muňa garşylyk görkezdik. Emma olar dessine meniň gözüme göz ýaşardyjy gaz sepdiler. Şondan soň men diňe olaryň paýyş sözler bilen sögüşlerini eşitdim. Soňam olar bizi ýenjip başladylar».

Roman Samoýlew öz boýnundaky altyn zynjyryny we gapjygyndaky ähli pullaryny hem milisiýa işgärleriniň sypyryp alandyklaryny aýdýar. Bu bolan wakalaryň yzy bilenem, milisiýa olara hiç hili günä bildirmezden, olary boşadyp goýberipdir.

Seslenmeler ýagdy

Bu barada internetde peýda bolan maglumat okyjylaryň arasynda uly gahar-gazap döretdi. Köp okyjylar ýurduň milisiýasyny eden-etdiliklerde we korrupsiýada aýyplap, seslenmeler ýazdylar.

Donesk şäheriniň milisiýasy bolsa, bu bolan wakalarda milisiýa işgärleriniň günäsiniň ýokdugyny subut etmek üçin düýn ýörite metbugat konferensiýasyny gurnady.

Şäheriň milisiýa edarasynyň başlygy Wiktor Dubowik žurnalist Artýom Furmanýukyň alan ýaralarynyň onuň köçede nätanyş adamlaryň eden hüjüminden alan ýaralarydygyny aýdyp, bu işde milisiýanyň eliniň bardygyny ret etdi.

Bu bolan wakanyň ukrainaly žurnalist Artýom Furmanýukyň žurnalistiki işi bilen baglanyşyklydygy ýa däldigi barada heniz bir zat aýtmaklygyň kyndygyna garamazdan, bu waka Ukrainadaky metbugat azatlygynyň ýagdaýy bilen bagly aladalary has-da artdyrdy.

Söz we metbugat azatlygyna gözegçilik edýän köp guramalar şu ýylyň fewralynda geçirilen saýlawlarda Wiktor Ýanukowiçiň prezident saýlanaly bäri Ukrainada žurnalistlere görkezilýän basyşlaryň we edilýän hüjümleriň görnetin güýçlenendigine ünsi çekýärler.
XS
SM
MD
LG