Sepleriň elýeterliligi

Gaagadaky halkara sudy aklawça günä bildirýär


Öňki Ýugoslawiýa boýunça Gaagadaky halkara sudy geçen asyryň 1990-njy ýyllarynyň başynda Balkanlarda uruş gidýän wagty köpçülikleýin adam öldürmekde aýyplanan bosnýaly serbi goran aklawçy Ýelena Pasiçiň garşysyna şaýatlary satyn almakda günä bildirdi.

Milan Lukiç geçen ýyl ömürlik türme tussaglygyna höküm edilipdi. Aklawçy üç şaýada öz müşderisiniň peýdasyna şaýatlyk etmek üçin 1000 ýewro tölemekde aýyplanýar. Rasiç özüne bildirilýän günäni inkär edýär.
XS
SM
MD
LG