Sepleriň elýeterliligi

Kim Çen Iriň mirasdüşeriniň yglan edilmegi mümkin


1980-nji ýylda geçirilen “Zähmet” partiýasynyň gurultaýynda ýurduň öňki ýolbaşçysy Kim Ir Sen öz ogly, Demirgazyk Koreýanyň häzirki ýolbaşçysy, şol döwürde 38 ýaşly Kim Çen Iri öz mirasdüşeri diýip, yglan edipdi.

1980-nji ýylda geçirilen “Zähmet” partiýasynyň gurultaýynda ýurduň öňki ýolbaşçysy Kim Ir Sen öz ogly, Demirgazyk Koreýanyň häzirki ýolbaşçysy, şol döwürde 38 ýaşly Kim Çen Iri öz mirasdüşeri diýip, yglan edipdi.

Demirgazyk Koreýany dolandyrýan ýurtdaky ýeke-täk “Zähmet” partiýasy 28-nji sentýabrda ýurduň ýolbaşçylarynyň uly maslahatynyň geçiriljekdigini yglan etdi. Bu waka Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Iriň ogly Kim Çen Uny, öz mirasdüşeri diýip yglan etmäge taýýarlyk görýändigi baradaky gürrüňleriň artmagyna getirdi.

Demirgazyk Koreýany dolandyrýan “Zähmet” partiýasynyň ýolbaşçylary ýurduň paýtagty Phenýan şäherinde 28-nji sentýabrda ýygnanyşyp, maslahat geçirmeli. Bu Demirgazyk Koreýanyň habar agentligi tarapyndan ýaýradylan maglumat ýerli metbugatda “taryhy” diýlip atlandyryldy.

Bu waka bolsa Demirgazyk Koreýanyň “hormatly lideri” diýlip atlandyrylýan Kim Çen Iriň öz üçünji hem körpe ogly Kim Çen Uny ýokary wezipeleriň birine belläp, oňa häkimiýetini geçirmäge taýýarlyk görýändigi baradaky gürrüňleriň artmagyna getirdi.

“Möhüm waka”


Angliýanyň Lids uniwersitetiniň eksperti, Koreýa boýunça bilermen Aidan Foster-Karter bu barada şeýle diýýär: “Bu örän möhüm waka. Bu “Zähmet” partiýasynyň gurultaýy-da däl. Bular ýaly maslahatlar Demirgazyk Koreýada soňky 30 ýylda geçirilmedi. Bu, adatça, partiýanyň gurultaýynyň öňüsyrasynda geçirilýän maslahat. Şeýle maslahat soňky gezek 1966-njy ýylda geçirilipdi. Bu seýrek maslahatlar esasan häkimiýet çalşygy meselesi bilen bagly geçirilýär.

Kim Çen Iriň ýerine üç oglundan Kim Çen Unyň saýlanandygy baradaky gürrüňleriň peýda bolanyna bir ýyl doldy. Geçen aýda bolsa Kim Çen Iriň Demirgazyk Koreýanyň ýakyn ýarany Hytaýa sapar etmeginiň esasy maksady Hytaýyň liderlerine öz mirasdüşer ogluny tanyşdyrmak bolandyr diýlip çaklanylýar.

Koreýa boýunça bilermen Aidan Foster-Karteri Şweýsariýada bilim alan Kim Çen Un barada özlerindäki maglumatyň gaty çäklidigini aýdýar. Bilermen özlerinde hatda onuň kämillik ýaşyndaky suratynyň hem ýokdugyny aýdýar: “Ol 27 ýaş töwereginde, basketbol oýnuny gowy görýär. Onuň ýuwaşdygy aýdylýar. Men ol özüni bilgeşli şeýle alyp barýarmy ýa-da ýasawy şeýle agrasmy bilmedim. Ýöne onuň hut şol häsiýetini kakasynyň halan bolmagy ähtimal. Bu bolsa ýurduň içindäki syýasatçylaryň-da kellagyrysydyr. Göz öňune getirip görüň, Demirgazyk Koreýanyň elitasynyň ýa-da harby generallary öz geljegini ýaş, tejribesiz adama ynanaslary gelermi?”

Atadan ogula...

Günorta Koreýanyň Aňtaw gullugy goňşy Demirgazyk Koreýada ýaş Kimiň propagandasynyň ýöredilip başlanandygyny habar berdi. Ýurtda Kim Çen Una bagyşlanyp, goşgydyr-aýdymlaryň ýazylýandygy aýdylýar. Maglumata görä, ýurduň esgerleri hem işçileri ýaş Kimiň doglan gününde, şu ýylyň ýanwar aýynda, oňa wepaly bolmak barada kasam edipdirler.

2008-nji ýylda 68 ýaşly Kim Çen Iriň insult, ýagny beýnä gan inme keselini başdan geçirendigi, soňky ýyllarda onuň Hytaýa baryp, saglygyny bejerdendigi çaklanylýar. Geljekki hepdä planlaşdyrylýan maslahat “Zähmet” partiýasynyň 1980-nji ýylda geçiren ýygnagyndan soň, bu ýurtda iň möhüm waka bolar diýlip hasap edilýär.

1980-nji ýylda geçirilen “Zähmet” partiýasynyň gurultaýynda ýurduň öňki ýolbaşçysy Kim Ir Sen öz ogly, Demirgazyk Koreýanyň häzirki ýolbaşçysy, şol döwürde 38 ýaşly Kim Çen Iri öz mirasdüşeri diýip, yglan edipdi.

1994-nji ýylda Kim Ir Sen ýürek agyrysyndan ölensoň, Kim Çen Ir häkimiýet başyna geçdi. Şondan bäri, Kim Çen Iriň syýasaty ýadro ýaragy bolan Demirgazyk Koreýany has üzňelige saldy. Häzirki wakalar bolsa ýurtda hut öňki senariý boýunça häkimiýet çalşygyna taýýarlyk görülýändigine şaýatlyk edýär.

Ýöne dünýa jemgyýetçiligini Demirgazyk Koreýanyň syýasy elitasynyň ýene bir wekili – Kim Çen Iriň ýeke-täk aýal doganynyň adamsy Jaň Soň Taýegiň şahsyýeti hem gyzyklandyrýar. Ol ýakynda, iýun aýynda, ýurduň Milli goranmak kommissiýasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary wezipesine bellenildi. Bu barada Koreýa boýunça bilermen Aidan Foster-Karter şeýle diýýär: “Dogrymy aýtsam, Kim Çen Iriň saglyk ýagdaýy ýaramazlaşyp, ol erte bir gün ölýäse, tä Kim Çen Un häkimiýet başyna geçmäge taýýar bolýança, ýurda ýolbaşçylyk etmek Jaň Soň Taýega tabşyrylar diýip çaklaýarys”.

Ýadro programmasy

Demirgazyk Koreýada geçirilmeli maslahat ýurduň ýeke-täk syýasy partiýasy bolan “Zähmet” partiýasynyň 10-njy oktýabrda bellenilmeli 65 ýyllygynyň öň ýanynda geçirilýär. Bu waka Demirgazyk Koreýanyň ýadro programmasy boýunça alty taraplaýyn gepleşikleriň gaýtadan geçirilmegi ugrundaky tagallalaryň petige dirän wagtyna gabat geldi.

2009-njy ýylyň aprelinde BMG Demirgazyk Koreýanyň raketa synagyny ýazgaryp çykyş etdi. Şondan soň Demirgazyk Koreýa Günorta Koreýanyň, Hytaýyň, ABŞ-nyň, Orsýetiň we Ýaponiýanyň gatnaşmagyndaky öz ýadro programmasy boýunça halkara gepleşiklerinden çykdy. 2009-njy ýylyň maý aýynda bolsa resmi Phenýan ikinji gezek ýadro ýaragyny synag etdi.

Netijede halkara derejesinde bu ýurda garşy has berk sanksiýalar girizildi. Geçen ýyl Demirgazyk Koreýanyň ýadro programmasy boýunça gepleşiklere gaýtadan başlamak perspektiwasy bolmady diýen ýaly.

Demirgazyk Koreýanyň Günorta Koreýa bilen gatnaşyklary hem ur-tut dartgynlaşdy. Halkara jemgyýetçiligi Günorta Koreýanyň harby gämisiniň suwa gark bolmagynda Demirgazyk Koreýany aýyplansoň, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar has-da ýaramazlaşdy. Bu tragediýada Günorta Koreýanyň 46 deňizçisi heläk boldy.

21-nji sentýabrda Phenýan Günorta Koreýa bilen ABŞ-nyň bilelikde Sary deňizde geçirýän suwasty gämilere garşy harby türgenleşigini öňünden ýazgaryp, çykyş etdi. Demirgazyk Koreýa bu türgenleşigi “ýadro urşunyň repetisiýasy” diýip atlandyrdy. Sentýabr aýynyň başynda geçirilmegi planlaşdyrylan türgenleşikler geljek hepdäniň başynda başlanar diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG