Sepleriň elýeterliligi

Aşgabadyň taksoparky täze gelip gowşan taksilere sürüjileri tapmansoň, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň welaýatlardaky awtoulag kärhanalaryndaky sürüjileri kömege çagyryp başlady.

Paýtagtyň taksoparkyna soňky üç aýyň dowamynda «Hýundaý — Elantra» kysymly taksileriň jemi 600 sanysy gelip gowşupdy. Emma muňa garamazdan, sürüjileriň tapylmaýanlygy sebäpli, Aşgabadyň ýaşaýjylaryna hyzmat etmeli bu taksileriň ýarysyndan gowragy taksoparkda çaň basyp ýatyr.

Hiç kimiň taksist bolasy gelenok

Täze taksiler heniz taksoparka gelip gowuşmanka, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi ýurduň metbugatynda taksistleri işe alýandygy baradaky bildirişleri dowamly berip başlady. Ol bildirişlerde işe girmek isleýänleriň hökmany suratda B, C kategoriýalary bolmaly. Mundan başga-da olar paýtagtda ýa-da Aşgabada golaý ýerlerde ýaşaýan bolmalydy.

Iýun aýynyň ahyrlaryna Aşgabadyň taksoparkyna «Hýundaý — Elantra» kysymly taksileriň birinji tapgyry gelip gowuşdy. Emma täze gelen taksilere welin sürüjiler tapylybermedi. Munuň hem esasy sebäbi taksoparkyň sürüjilere bir günde hökmany suratda 90 manat puly tabşyrmak şertini goýmagydyr.

Bir günki planyň juda çökder bolmagy işe gelen sürüjileri işden gaçyp gitmäge mejbur etdi. Çünki paýtagtdaky hususy awtoulaglarynda kireý edýän kireýkeşleriň aşa köplügi zerarly ýol ugrunda müşderi tapmagam aňsat başardyp duranok. Üstesine-de günde 90 manat plany tabşyranynda-da, olaryň bir aýlyk haky 500 manat töwereginde bolýar.

Tapylan çykalga çykalgamy?


Aşgabadyň ýerli ilatynyň taksoparka sürüji bolup işe gelmezligi Awtomobil ulaglary ministrligine ýagdaýdan nähili hem bolsa bir çykalganyň gözlenip tapylmagyna mejbur etdi. Netijede Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň welaýatlardaky awtoulag kärhanalaryndaky sürüjiler tapgyrlaýyn iki hepdelik paýtagtyň taksoparkyna komandirowka ugradylyp başlandy.

Häzirki wagtda Aşgabadyň köçelerinde gatnaýan taksileriň köpüsini welaýatlardan paýtagta komandirowka iberilen sürüjiler sürýärler. Olar ulaga münen her müşderä özleriniň ýagdaýlaryny aýdyp, zeýrenýärler.

Welaýatdan gelen sürüjileriň içinde ozal paýtagta bir gezek gelip görmedikleri-de bar. Şeýle sürüjiler Aşgabadyň köçelerini tapman, gaty kynçylyk çekýärler. Müşderilere barjak ýoluny özleriniň salgy bermeklerini haýyş edýärler.

Taksoparka degişli taksileriň bir kilometriniň tarifi 30 teňňe. Ýöne muňa garamazdan, taksometr 3 manatdan bary-ýogy 10 teňňe geçse-de, taksistler ýolagçydan 4 manat bermegini haýyş edýärler. Elbetde, müşderileriň köpüsi sürüjiniň haýyşyny kanagatlandyrýar. Sebäbi on kilometr ýola hususy kireýçiler hem ortaça 4 manat alýarlar.

Çaltrak öýe gaýtmagyň arzuwynda

Welaýatlardan getirilen sürüjileriň hemmesi çaltrak komandirowkasynyň tamamlanyp, öýlerine gaýtmagyň arzuwynda bolýarlar. Sebäbi umumy ýaşaýyş jaýyndan olara berilýän ýatak jaýy juda gözgyny. Ol ýerde ne hammam bar, ne derekli hajathana. Üstesine, iýjek-içjegini hem olar diňe ýoldan özleri satyn alyp iýmeli bolýarlar.

Paýtagta gelip, özleriniň diňe çykdaja düşýändiklerini ýolagçylara gürrüň berýän taksistler bu meselede özlerini gaty ejiz saýýarlar. Sebäbi olary welaýatdaky başlyklary zorluk bilen paýtagta ugradýarlar. Taksi sürmäge komandirowka gitmekden boýun towlaýanlara bolsa işden çykarmak haýbatynyň atylýandygyny olar gürrüň berýärler.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG