Sepleriň elýeterliligi

Medwedewiň permany Eýrana ýarag satmagy gadagan edýär


Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew Eýrana S-300 zenit raketa sistemasyny we ýaraglaryň beýleki görnüşlerini bermegi gadagan edýän permana gol çekdi. Ol BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Tährana garşy iýun aýynda girizen sanksiýasy bilen baglydyr.

Perman, hususan-da, tanklary, bronlanan maşynlary, uly nilli artilleriýa sistemalaryny, söweş uçarlaryny, dikuçarlary, harby gämileri, raketalary we raketa sistemalaryny Orsýetiň territoriýasynyň üstünden geçirmegi ýa Orsýetden Eýrana ugratmagy gadagan edýär diýip, Kremliň metbugat gullugy habar berýär.
XS
SM
MD
LG