Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda ýokary derejeli meýdan komandiri ele salyndy


Owganystanda howpsuzlyga ýardam berýän halkara güýçler owgan goşunlarynyň bölümleri bilen bilelikde ýurduň demirgazygynda ýokary derejeli meýdan komandirini ele saldy.

Mowlawi Rowşen Gunduz welaýatyndaky talyplaryň ýolbaşçy agzasy hem gubernatoryň “kölegedäki” orunbasarydyr.

Rowşeniň düýn ele salnandygyny halkara güýçleriň komandowaniýesi habar berdi. Owgan howpsuzlyk güýçleri tarapyndan Rowşan sorag edilýär.

Şeýle-de Host hem Gilment welaýatlarynda bolan ýaragly çaknyşyklarda 16 söweşijiniň öldürilendigi habar berilýär. Gilmentde bir daniýaly esger hem heläk boldy.
XS
SM
MD
LG