Sepleriň elýeterliligi

Täjigistanda hökümete garşy toparlaryň garşysyna operasiýa başlady


Täjigistanyň gündogarynda hökümet güýçleri hökümete garşy toparlaryň garşysyna giň möçberli operasiýa başlady.

Operasiýa Raşt etrabynda geçirilýär. Bu ýerde 19-njy sentýabrda täjik harbylarynyň maşyn kerwenine näbelli adamlar hüjüm edipdi, şonda 25 harby heläk bolupdy.

Bu hüjümde Täjigistanyň Goranmak ministrligi meýdan komandirleri Abdullo Rahymow bilen Alawutdin Dawlatowyň toparlaryna girýän söweşijileri aýyplaýar. Şolaryň arasynda Owganystandan, Pakistandan we Çeçenistandan hakyna tutmalar bar.
XS
SM
MD
LG