Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda Hoja Ahmet Ýasawy barada konferensiýa açyldy


Düýn Aşgabatda «Hoja Ahmet Ýasawy we Gündogaryň sufizm edebiýaty» ady bilen halkara ylmy konferensiýasy açyldy.

Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil we edebiýat instituty tarapyndan gurnalan bu konferensiýa türkmenistanly spesialistler bilen birlikde, dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan dilçiler, edebiýatçylar, taryhçylar, medeniýet işgärleri we ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlary-da gatnaşýarlar.

Düýn günüň ikinji ýarymynda bu konferensiýa gatnaşyjylar bäş sany ylmy topara bölünip, öz maslahatlaryny dürli ylmy edaralarda dowam etdirdiler.

Bu maslahatlarda spesialistler Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Hoja Ahmet Ýasawynyň ömri we döredijiligi barada giňden pikir alyşdylar, ylmy dokladlar bilen çykyş etdiler.

Düýn giçlik konferensiýa gatnaşyjylar Türkmenistanyň abadançylygynyň hem-de ýurduň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna berlen sadaka çäresine hem gatnaşdylar.
XS
SM
MD
LG