Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda Türkmenistanyň medeni günleri geçirilýär


Düýn Täjigistanyň paýgtagty Duşenbede Türkmenistanyň medeni günleriniň açylyş dabarasy boldy.

Duşenbe şäherindäki «Kohi Borbat» atly Döwlet konsert zalynda geçen bu dabaraly çäreden soň, Türkmenistanyň ýörite delegasiýasy Täjigistanyň Medeniýet ministrliginde kabul edildi. Şol ýerde-de Türkmenistanyň medeniýet işgärleriniň gatnaşmagynda ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin metbugat konferensiýasy gurnaldy.

Täjigistanda Türkmenistanyň medeni günleriniň açylyş dabarasy düýn beýik täjik klassyk şahyry Rudakynyň döredijilik gününe hem gabat geldi.

Şu gün türkmenistanly artistler Täjigistanda türkmen diasporasynyň esasy jemlenen ýeri bolan Hatlon oblastynyň Jiliköl raýonyna-da sapar edip, ol ýerde konsert programmalary bilen çykyş ederler.
XS
SM
MD
LG