Sepleriň elýeterliligi

Ors sudy 4 milletçi oglanyň jenaýat işi boýunça diňlenişigi yza süýşürdi


Düýn Moskwanyň şäher sudy dört sany milletçi ýaş oglanyň jenaýat işi bilen baglanyşykly diňlenişigi yza süýşürdi.

Milletçilikde we adam öldürmekde aýyplanylýan bu ýaş oglanlaryň işi boýunça diňlenişigiň yza süýşürilmegini sud bu aýyplanýanlardan biriniň aklawçysynyň suda gatnaşyp bilmändigi bilen düşündirdi.

Düýn Orsýetiň Baş prokuraturasy bu ýaş oglanlaryň 2008-2009-njy ýyllarda 4 sany adamy öldürenlikde, 11 gezek adam öldürmäge synanyşyk edenlikde we iki gezek talaňçylyk edenlikde aýyplanýandyklaryny mälim etdi.

Olaryň öldüren 4 adamynyň Kamerunyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň we Wetnamyň raýatlarydygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG