Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama Gyrgyzystanyň prezidenti Otunbaýewa bilen duşuşar


24-nji sentýabrda, BMG-niň Baş assambleýasynyň geçýän wagtynda, ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň Gyrgyzystanyň prezidenti Roza Otunbaýewa bilen duşuşmagyna garaşylýar. Bu barada ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Robert Bleýk Frans-press agentligine beren interwýusynda aýtdy.

Robert Bleýkiň aýtmagyna görä, bu duşuşykda prezident Barak Obama Gyrgyzystanda indiki aýa planlaşdyrylýan parlament saýlawlarynyň adalatly we erkin geçmegine ýardam bermek meselesi barada gürrüň etmegi planlaşdyrýar.

Şeýle hem Robert Bleýk bu duşuşykda Merkezi Aziýa döwletlerinde bar bolan demokratik mümkinçilikler baradaky meseläniň hem gozgalmagyna garaşylýandygyny aýtdy.

Gyrgyzystanda 10-nji oktýabra planlaşdyrylýan parlament saýlawlarynyň erkin we adalatly geçmegi üçin ABŞ-nyň bu ýurda 5 million dollara barabar serişde berjekdigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG