Sepleriň elýeterliligi

Braýza iki ädim öňe, bir ädim yza gitdi


Matýu Braýzanyň kandidaturasy ozalbaşdan hem käbir ikirjiňlenmeleriň we garşylyklaryň ýüze çykmagyna sebäp bolupdy.

Matýu Braýzanyň kandidaturasy ozalbaşdan hem käbir ikirjiňlenmeleriň we garşylyklaryň ýüze çykmagyna sebäp bolupdy.

Birleşen Ştatlaryň Azerbaýjan boýunça ilçisiniň wezipesine prezident Obamanyň hödürlän kandidaturasyny sişenbe güni Senatyň Daşary gatnaşyklar boýunça Komitetiniň tassyklamagy bu ugurdaky möhüm öňegidişlik hökmünde alamatlandy.

Azerbaýjan boýunça ilçiniň wezipesi indi bir ýyldan gowrak wagt bäri boş dur. Bu wezipä hödürlenen Matýu Braýzanyň kandidaturasyny Komitetdäki senatorlardan 17-si goldap, diňe 2-si oňa garşy ses berdi.

Matýu Braýzanyň kandidaturasy indi tutuş Senatda sese goýulmaly. Adatça, bular ýaly meselelerde Daşary gatnaşyklar boýunça Komitetiň tassyklan kandidaturalary Senatda hem kabul edilýär.

Emma bu gezek Komitetiň ses bermeginiň yzy bilen, Kaliforniýa ştatyndan demokrat senator Barbara Bokseriň Matýu Braýza Senatda ses berilmek prosesini yza süýşürmek teklibi bilen çykyş etmegi, bu meseläniň dawasyz bolmajagyny görkezýän bir alamat bolup göründi.

Matýu Braýzanyň kandidaturasy ozalbaşdan hem käbir ikirjiňlenmeleriň we garşylyklaryň ýüze çykmagyna sebäp bolupdy.

Jorj Buşuň Birleşen Ştatlara ýolbaşçylyk eden ýyllarynda Matýu Braýza Döwlet sekretarynyň Ýewroaziýa meseleleri boýunça orunbasarynyň kömekçisi wezipesinde işläpdi. Mundan daşary, ol dawaly Daglyk-Garabag regiony bilen baglanyşykly azeri-ermeni gepleşiklerine gözegçilik ediji Minsk Toparynyň hem egindeş başlygy hökmünde iş alyp barypdy. Şol döwürlerden bärem ol Aziýa we Kawkaz regionynda giňden tanalýan diplomat hasaplanylýar.

Şu ýylyň maýynda Matýu Braýzanyň kandidaturasy Birleşen Ştatlaryň Azerbaýjandaky ilçisiniň wezipesine hödürlenen badyna, munuň özi Birleşen Ştatlardaky ermenileriň diasporasynda we Ermenistanyň käbir resmilerinde dessine garşylykly reaksiýalary döretdi. Ermenistan tarapy Matýu Braýzany Azerbaýjanyň bähbitlerini araýan tarapgöý iş alyp barmakda aýyplaýar.

Iki senator garşy

Senatyň Daşary gatnaşyklar boýunça Komitetinde Matýu Braýzanyň kandidaturasyna garşy ses beren iki senatordan biri Kaliforniýa ştatyndan demokrat senator Barbara Bokser, beýleki birem Nýu-Jersi ştatyndan demokrat senator Robert Menedez.

Bu wakadan birneme öň, 22-nji iýulda Matýu Braýzanyň kandidaturasy ara alnyp maslahatlaşylanda bu senatorlardan ikisem öňa ýeňil bolmadyk soraglary ýagdyrypdylar.

Mysal üçin, senator Barbara Bokser şu ýylyň iýunynda Azerbaýjan tarapynyň başyny başlamagynda ýüze çykan hem-de dört sany ermeni esgeriniň we bir azeri esgeriniň ölümine sebäp bolan atyşyklarda Matýu Braýzanyň näme sebäbe Azerbaýjany ýazgarmakdan saklanandygy bilen gyzyklanypdy. Matýu Braýza şonda bu sowala anyk jogap bermän, sypjyklyk etmäge mejbur bolupdy.

Mundan daşary, senator Barbara Bokser Matýu Braýzanyň eden çykyşlaryndaky käbir jümlelere, şol sanda, onuň «Ermenistan Daglyk-Garabag regionynyň kanuny taýdan Azerbaýjanyň territorial bölegidigi bilen ylalaşmalydyr» diýen sözlerine hem salgylanyp, onuň bu pozisiýasy barada düşündiriş talap edipdi. Matýu Braýza şonda muny rus dilinden edilen terjimede goýberilen nätakyklyk görnüşinde düşýündiripdi.

Sişenbe güni geçirilen ses berişlikde Matýu Braýzanyň kandidaturasyna garşy ses bermeginiň sebäbini senator Barbara Bokser onuň Azerbaýjanyň kemçiliklerine gezek gelende berk pozisiýada çykyş edip biljekdigine ynanmaýandygy bilen düşündirdi.

Bu ses berişligiň öňýany Birleşen Ştatlarda täsirli lobbistik topar hasaplanylýan Ermeni Milli Komiteti amerikan sentorlaryny Matýu Braýza garşy ses bermeklige çagyryp, Senata ýörite hat gönderdi.

Bu guramanyň ýerine ýetiriji direktory Aram Hamparýan Senatyň Komitetinin Matýu Braýzany goldap ses bermeginden lapynyň keç bolandygyny aýtdy. Ýöne, muňa garamazdan, ol Ermeni Milli Komitetiniň öňdäki ses berişlikde Matýu Braýzanyň kandidaturasyny geçirtmezlik üçin senatorlara çagyryş etmegini dowam etdirjekdigini mälim etdi.
XS
SM
MD
LG