Sepleriň elýeterliligi

Ahmedinejad Günbatara garşy köne taktikany ulanýar


Ahmedinejadyň Lewisiň aladasyny etmeginiň adamkärçilikli däl-de, syýasy sebäpleriniň bardygyny Eýranyň prezidentiniň tarapdarlary-da boýun alýarlar.

Ahmedinejadyň Lewisiň aladasyny etmeginiň adamkärçilikli däl-de, syýasy sebäpleriniň bardygyny Eýranyň prezidentiniň tarapdarlary-da boýun alýarlar.

Günbataryň adam hukuklary baradaky ritoriki aladasynyň aňyrsynda iki ölçeglilik we ikiýüzlülik ýatyr diýip gygyrmak Sowet Soýuzy we onuň ýaranlary tarapyndan onlarça ýyllap ulanylan taktika.

Indi bolsa Sowuk uruş döwründen galan bu taktikany Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejad ulanýar. Maksat Günbataryň tankydyny onuň öz ýüzüne basyp, yslam respublikasynyň abraýyny diketlmek. Ol Nýu Ýorkda Eýranda suduň karary boýunça daşlanyp öldürilmeli edilen 43 ýaşly Sakineh Mohammadi Aştyýanyny Wirjiniýada adamsy bilen öweý ogluny öldürenligi üçin ölüme höküm edilen Teresa Lewis bilen deňeşdirdi.

“Birleşen Ştatlarda adam öldürenligi üçin bir aýala ölüm jezasy berilýär. Muňa hiç kim protest bildirenok” diýip, 20-nji sentýabrda Ahmedinejad ýokary derejeli yslam şahsyýetleriniň ýygnagynda aýdypdyr. Eýranyň prezidenti Aştyýany barada Günbatar mediasynda çykan makalalara salgylanyp: “Internetde bu aýal barada 3,7 million sahypa bar. Ol barada entek gutarnykly karara gelnenok. Ýöne Eýrana berk hüjüm edilýär” diýdi.

Waşingtonyň Ýakyn Gündogar syýasaty baradaky institutynyň işgäri Mehdi Halajy: “Ahmedinejadyň Günbatary ikiýüzlülikde aýyplamagy yslam däbi” diýýär. “Yslamda şular ýaly bir polemika bar. Ony öz duşmanlarynyň garşysyna Gurhan hem ulanýar. Oňa jadad diýilýär. Ol: ‘Duşmanyň getirýän delillerini duşmanyňa garşy ulan. Seniň oňa ynanmagyň hökmany däl’ diýen manyny aňladýar” diýip, Halajy aýdýar.

“Günbatar adam hukuklary barada gürläninde eýran hökümeti Günbatary iki ölçeg ulanýanlykda tankytlaýar, Günbatary adam hukuklaryny bozýanlykda tankytlaýar. Olar: ‘Günbataryň hakyky gaýgysy adam hukuklary däl. Bu Günbatara garşy gidýän ýurtlara basyş etmek üçin syýasy gural’ diýjek bolýar” diýip, Halajy sözüniň üstüni ýetirýär.

“Ýalňyşan bolmagy mümkin”

Ahmedinejadyň Lewisiň aladasyny etmeginiň adamkärçilikli däl-de, syýasy sebäpleriniň bardygyny Eýranyň prezidentiniň tarapdarlary-da boýun alýarlar. Huşeng Amirahmady Amerikan-Eýran geňeşiniň başlygy. Ol şeýle hem Eýran bilen Birleşen Ştatlaryň dostlukly gatnaşyklarynyň gaýtadan dikeldilmegini islýän adam. Onuň pikiriçe, Lewis bilen Aştyýanyny deňeşdirmek bilen Ahmedinejadyň ýalňyşan bolmagy mümkin.

“Men ol çyndan hem bu zenanyň aladasyny edýändir öýdemok. Ýöne bu syýasat. Ol: ‘Günbatar iki ölçeg ulanýar. Eýranda daşlanýan bir aýal meselesini aşa çişirip, Wirjiniýadaky işi äsgermezlik edýär’ diýjek bolýar. Ýöne jenap Ahmedinejadyň üns bermeli zady, bulary biri-biri bilen deňeşdirip bolmaýanlygy” diýip, Amirahmady aýdýar.

Soňra Amirahmady sözüni şeýle dowam etdirýär: “Zyna edenligi üçin bir aýalyň daşlanmagyny bu ýerde bir adamy öldüren aýal bilen deňäp bolanok. Dogry, Günbataryň iki ölçeg ulanýan mahallary ýok däl. Ýöne meniň pikirimçe, muny her bir babatda delil edinmek adalatly däl”.

Halajynyň garaýşyça, esasy mesele Eýranda sud häkimiýetleriniň ýokary dini ýolbaşçy aýatollah Ali Hameneýiniň wagtlaýyn islegine garaşlylygy: “Biziň bu ýerde görýänimiz sud sistemasynyň syýasy taýdan ýokary dini ýolbaşça garaşlydygy. Sud sistemasyny adalatsyz edýän şol. Wirjiniýadaky sud bilen Tährandaky suduň arasyndaky tapawut şu: Wirjiniýada bir sudýanyň kararyna hiç bir syýasatçy täsir edip bilenok”.
XS
SM
MD
LG