Sepleriň elýeterliligi

Ýaşlaryň arasynda zorluk artýar


Ýaşlaryň arasynda zorlukdan heläk bolýanlaryň sany boýunça Orsýet birinji orunda durýar.

Ýaşlaryň arasynda zorlukdan heläk bolýanlaryň sany boýunça Orsýet birinji orunda durýar.

Bütindünýa saglygy saklaýyş guramasynyň 21-nji sentýabrda ýaýradan maglumatynda Ýewropa ýurtlarynda zorlugyň netijesinde her ýylda 15 müňe golaý ýaş oglan-gyzyň heläk bolýandygy aýdylýar. Olaryň 40%-e golaýy pyçaklanyp öldürilýär.

Bütindünýa saglygy saklaýyş guramasynyň Londonda “Howpsuzlyk 2010” halkara konferensiýasyna gabatlap, ýaşlaryň arasynda zorlugyň artýandygy barada ýaýradan maglumatynda zorlugyň netijesinde heläk bolýan ýaşlaryň 80%-niň erkek kişilerdigi habar berilýär. Bu barada geçirilen barlaglaryň netijesinde Ýewropa ýurtlarynda ýaşlaryň 12%-niň ýanlarynda pyçak ýaly sowuk ýarag göterýändikleri anyklandy.

Bütindünýa saglygy saklaýyş guramasynyň 2004-2006-njy ýyllar aralygynda geçiren barlaglarynyň jemleri boýunça ýaşlaryň arasynda zorlukdan heläk bolýanlaryň sany boýunça Orsýet birinji orunda durýar. Bu ýurtda 10-29 ýaş aralygyndaky her 100 müň adamdan 15850-niň dürli zorlugyň pidasy bolýandygy aýdylýar. Soňra Albaniýa, Gazagystan, Belarus, Ukraina we Gyrgyzystan ýaşlaryň arasyndaky çaknyşyklarda iň köp ýitgi çekýän ýurtlar hasaplanylýar.

Türkmenistandaky ýagdaý

Maglumatlara görä, türkmen ýaşlarynyň arasynda hem soňky döwürde zorluga alyp barýan çaknyşyklar artýar. Türkmenistanda şäherlerde köplenç dürli raýonlaryň ýaşlary özara ylalaşman, biri-biri bilen uruşýarlar, obalarda köplenç beýleki ýerlerden ýa-da beýleki obalardan gelen ýaşlara azar berilýär.

Bu barada Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Myrat Gurban şeýle diýýär: “Aşgabat resmi taýdan dört raýondan ybarat bolsa-da, ilat arasynda şäher “Hitrowka”, “Posýolka”, “Gaža”, “8-nji mart”, “Kim”, “Mir” diýen atlary göterýän raýonlara bölünýär. Şol raýonlaryň ýaşlarynyň arasynda düşünişmezlik dörese, olar bellenen ýerde duşuşyp, “razborka”, ýagny “haklaşyk” geçirýärler”.

Şeýle hem Myrat Gurban mekdepleriň ýokary klaslaryndaky ýaşlaryň arasynda zorlukly gatnaşyklar ýüze çykýar diýýär. Onuň sözlerine görä, soňky döwürde ýaşlar gyzlaryň özara uruşlaryny wideo ýazga düşürip, olary telefon, internet arkaly özara ýaýradýarlar. "Şeýle “haklaşyklaryň” netijesinde ýaşlaryň saglygyna zeper ýetýän hatatlary hem bolýar" diýip, žurnalist Myrat Gurban aýdýar.

Esasan hem gyzlaryň arasynda dürli çaknyşyklaryň köp emele gelýändigi, şol uruş-sögüşleriň mobil telefon arkaly wideo ýazga düşürilip, özara ýaýradylýandygyny Türkmenistandaky ýaşlaryň meselesi bilen bagly iş alyp barýan žurnalist Tahyr Şirmuhammedi hem tassyklady. Şeýle wideo ýazgylaryň birnäçesi Youtube saýtynda hem ýerleşdirilipdir.

Ýerli synçylaryň aýtmaklaryna görä, Türkmenistanyň Harby hem Polisiýa akademiýalarynda hut aýal-gyzlaryň arasynda zorluk hem “dedowşinanyň”, ýagny “atasyramagyň” iň ýowuz görnüşleri köp duş gelýär.

Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllary Türkmenistanda ýaşlaryň arasynda neşekeşlik giňden ýaýrap, zorlugyň hem ösmegine getiripdi. Soňky döwürde ýaşlaryň neşe belasyndan gaça durmaga synanşýandyklary Azatlyk Radiosyna gelýän maglumatlarda aýdylýar.

Zorluk zorlugy döredýär

Ýaşlaryň arasynda zörluk-sütemiň ýüze çykmagyna, olaryň çagaka başdan geçiren zorluklarynyň sebäp bolýandygy aýdylýar. Bütindünýa saglygy saklaýyş guramasynyň ýaýradan maglumatynda zorluga baş uran ýaşlaryň köplenç özleriniň hem şol zorlugyň pidasy bolýandygy nygtalýar. Ýagny, çagalykda zorlugy başdan geçiren çagalaryň köpüsi soňra ýetginjek döwründe aňsatlyk bilen zorluga baş goşýarlar diýlip nygtalýar.

Mysal üçin, mekdeplerde çagalaryň biri-birine azar bermegi ýa-da harby gullukda “atasyramak” ýaly zorlukly gatnaşyklaryň pidasy bolan adam köplenç soň beýlekilere hem azar bermekden çekinmeýär.

Ýaşlaryň arasynda zorlugyň pidalarynyň köp bolmagyna ýaşlaryň alkogol içgilerini içmegi, neşe maddalaryny ulanmagy hem-de ýaşlaryň ýanlarynda sowuk ýaragy götermegi täsir edýär diýlip, maglumatda bellenilýär.

Bu barlaglaryň netijesi ýaşlaryň dürli zorluklarda ölmek howpunyň artmagyna olaryň maşgalalarynyň maddy derejesiniň täsir edýändigini görkezdi. Ýagny, öldürilen 10 adamdan 9-nyň garyp regionlarda ýaşaýan ýaşlardygy anyklandy.

Garyp maşgalalarda çagalara berilýän bilimiň derejesiniň pesligi, şeýle maşgalalarda ene-atalaryň özleriniň hem köplenç arak içip, çilim çekip, neşekeş bolmagy, olaryň çagalaryna basyş görkezip, agressiýalaryny ýaşyrman, çagalarynyň terbiýesine köp üns bermezlikleri çaganyň psihikasyna zyýan ýetirýär diýlip, Bütindünýa saglygy saklaýyş guramasynyň maglumatlarynda aýdylýar.

Bu ugurdan edilmeli işler

Bütindünýa saglygy saklaýyş guramasy dürli ýurtlaryň hökümetleri, şol ýurtlardaky raýat jemgyýetçiligi ýaşlaryň arasyndaky zorlugyň nämeden gelip çykýandygyny anyklap, onuň döremeginiň sebäplerini aradan aýyrmak ugrunda tagalla etmeli diýip nygtaýar.

Bu maglumatda bellenişine görä, ösen ýurtlardaky ýagdaý bilen ösýän, garyp döwletlerdäki zorlugyň pidasy bolýan ýaşlaryň sany 34 esse tapawutlanýar. Germaniýada her 100 müň ýaşdan 470-si zorlugyň pidasy bolýan bolsa, bu san Orsýetde heläk bolýan 15850 adamdan takmynan 34 esse azdyr.

“Zorlugyň netijesinde heläk bolýan ýaşlaryň sany pes bolan ýurtlaryň tejribesinden peýdalanyp, beýleki ýurtlarda hem bu ýagdaýy gowulandyryp bolardy. Eger beýleki ýurtlarda hem bu görkeziji boýunça üstünlik gazanan ýurtlardaky ýaly sanlar bolan bolsady, onda her ýylda 13 müň ýaş oglan-gyzlaryň ömrüni halas edip bolardy” diýip, Londonda eden çykyşynda Bütindünýa saglygy saklaýyş guramasynyň Ýewropa boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Žužana Ýakob aýtdy.
XS
SM
MD
LG