Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama Eýrany gepleşiklere başlamaga çagyrýar


BMG-niň Baş assambleýasynyň 65-nji sessiýasynda eden çykyşynda prezidenti Barak Obama ABŞ-nyň gapylarynyň Eýran bilen diplomatik gatnaşyklar üçin açykdygyny aýtdy.

Ýöne ABŞ-nyň prezidenti gepleşiklere başlamak üçin Eýran tarapynyň öz ýadro programmasynyň hakykatdan hem parahatçylykly maksatlara niýetlenendigini dünýä jemgyýetçiligine subut etmelidigini nygtady.

Şeýle hem bu çykyşynda Obama dünýaniň dürli ýurtlarynyň liderlerini Ýakyn Gündogarda parahatçylygy ornaşdyrmak ugrunda edýän tagallalaryny goldamaklaryny sorap, Ysraýyly ýaşaýyş jaý gurmak gadagançylygynyň möhletini dowam etdirmäge çagyrdy.

30-njy sentýabra çenli dowam etjek BMG-niň Baş assambleýasynyň sessiýasynda maliýe krizisiniň terrorçylyga we beýleki möhüm meselelere ýetirýän täsirine garaljakdygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG