Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

2011-nji ýylda Orsýetde pensiýalar ýokarlandyrylar


Indiki ýylyň fewral aýyndan başlap, Orsýetde pensiýalaryň möçberiniň 8%-e çenli ýokarlandyryljakdygy aýdylýar. Şeýlelikde, Orsýetde ortaça pensiýalaryň 8,800 rubla, ýagny 280 dollara barabar boljakdygy habar berilýär.

Şeýle hem çagalara berilýän kömek pullarynyň indeksasiýasy geçirilip, 2011-nji ýylyň ýanwar aýyndan olaryň aýlyk 11 müň 700 rubla çykaryljakdygy aýdylýar.

Orsýetde enelere berilýän “ene kapitaly” diýlip atlandyrylýan serişdäniň möçberi hem ýokarlanyp, 365 müň 700 ýüz rubla, ýagny takmynan 12 müň dollara barabar bolar.

Bulary 23-nji sentýabrda geçirilen hökümet maslahatynda ýurduň premýer-ministri Wladimir Putin yglan etdi.
XS
SM
MD
LG