Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ysraýyl BMG-niň derňewiniň netijeleri bilen ylalaşmaýar


Ynsanperwerlik ýüküni alyp barýan gämä edilen hüjüm bilen bagly BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň geçiren derňewiniň netijeleri bilen Ysraýyl ylalaşmaýandygyny aýdýar.

Şol derňewiň netijesinde 31-nji maýda Gaza ýardam alyp barýan gämä Ysraýylyň eden hüjüminiň bikanundygy aýdylýar. Şeýle hem hüjümiň dowamynda Ysraýylyň esgerleriniň rehimsizlik bilen çendenaşa köp güýç ulanandygy bellenilýär.

Hazir Ysraýyl hem bu mesele bilen bagly öz derňewini geçirýär. Ysraýyl tarapy esgerleriniň özlerini goramak üçin şeýle hereket edendigini aýdýar.

Maý aýynyň ahyrynda ýüze çykan şol wakada 8 türk aktiwisti we asly türk bir amerikan raýaty heläk bolupdy.
XS
SM
MD
LG