Sepleriň elýeterliligi

Hytaý Pakistana ýene 200 million dollar bermekçi


Hytaýyň premýer-ministri Wen Jibao ynsanperwerlik kömegi hökmünde öz ýurdunyň Pakistana ýene 200 million dollar berjekdigini yglan etdi.

Bu barada Hytaýyň ýokary derejeli wekili dünýäde garyplygyň derejesini peseltmek meselesine bagyşlanan sammmite gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka baranda mälim etdi.

Mundan öň Pekin Pakistana 47 million dollara barabar ýardam berjekdigini yglan edipdi.

Häzir Pakistandaky suw joşmasy netijesinde bu ýurtda 10 milliona golaý adam ynsanperwerlik kömegine ýiti mätäçlik duýýar.

BMG Pakistana 2 millard dollara barabar ýardamyň zerur boljakdygyny aýdyp, halkara jemgyýetçiligine ýüzlendi.

Häzir Halkara walýuta fondy we Bütindünýa banky Pakistana 1,5 milliard dollarlyk karz pullaryny bermegi karar etdi.
XS
SM
MD
LG