Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-de Ahmedinejadyň eden çykyşyna protest bildirildi


Penşenbe güni BMG-niň Baş assambleýasynda Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejatyň eden çykyşyna protest bildirip, Birleşen Ştatlaryn, Britaniýanyň we Ýewropa Bileleşiginin käbir beýleki ýurtlarynyň wekilleri maslahatyň zalyny terk etdiler.

Öz çykyşynda prezident Ahmedinejad Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda ýüz beren terror hüjüminiň Birleşen Ştatlaryň hökümetiniň öz içindäki adamlar tarapyndan gurnalan waka bolmagynyň mümkindigi baradaky garaýyşlary öňe sürdi.

Mahmud Ahmedinejadyň bu 34 minutlyk doklady heniz tamamlanmanka, Birleşen Milletler Guramasyndaky Amerikan delegasiýasy onuň bu dokladyny ýazgaryp, resmi beýanat ýaýratdy.

Eýranyň prezidenti Waşingtona bildiren öz aýyplamasynda 11-nji sentýabr hüjüminiň Birleşen Ştatlaryň ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmak, onuň Ýakyn Gündogardaky täsirlerini artdyrmak we Ysraýyla ýardam bermek maksady bilen amala aşyrylan bir çäre bolmagynyň mümkindigini belledi.
XS
SM
MD
LG