Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanly zenan 86 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi


Penşenbe güni Birleşen Ştatlaryň sudy pakistanly alym zenan Aafiýa Syddykuini Owganystanda amerikan ofiserlerini öldürmäge synanyşyk edenlikde aýyplap, 86 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Newrologiýa ugrundan Massaçusets ştatynyň Tehnologiýa institutynda tälim alan 38 ýaşly alym Aafiýa Syddykui düýn Nýu-Ýork şäheriniň sudy tarapyndan şeýle jeza höküm edildi.

Hususan-da, sud şu ýylyň fewralynda Owganystanyň Gazni şäherinde amerikan ofiserleri tarapyndan sorag edilýän wagty Aafiýa Syddykuiniň ofiserlerden biriniň ýaragyny alyp, olara garşy ok atmagy bilen bagly bolan wakany terrorçylykly hüjüm hökmünde häsiýetlendirdi.

Amerikan ofiserlerinden hiç birine zyýan ýetmezden sowlan ol wakany Aafiýa Syddykuiniň aklawçylary terrorizm bilen dahyly bolmadyk waka diýip hasaplaýarlar.

Düýn suduň çykaran bu höküminiň yzy bilen Pakistanyň käbir şäherlerinde anti-amerikan protest demonstrasiýalary möwç aldy. Pakistanyň hökümet resmileri Aafiýa Syddykuiniň Pakistana ekstradisiýa edilmegini gazanmak üçin amerikan tarapy bilen gepleşikleriň alnyp barylýandygyny mälim etdiler.
XS
SM
MD
LG