Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sarkoziniň pensiýa reformasyna garşy protest bildirildi


Penşenbe güni Fransiýanyň köp şäherlerinde millionlarça adamlar demonstrasiýa çykyp, prezident Nikolas Sarkoziniň pensiýalar baradaky düzgünleri reformirlemek çäresine garşy protest bildirdiler.

Bu demonstrasiýalardan daşary düýn Fransiýanyň jemgyýetçilik transport edaralarynyň, şeýle hem mekdepler, poçtalar ýaly käbir döwlet edaralarynyň işgärleri-de iş taşlaýyşlyk yglan etdiler.

Düýn bu protest çykyşlarynyň barşynda žurnalistlere beren interwýusynda Fransiýanyň profsoýuz guramalarynyň Baş Konfederasiýasynyň başlygy Bernard Tibault pensiýalar baradaky adalatsyz reformalaryň netijesinde ýurduň hökümetiniň jemgyýetiň ynamyndan gaçandygyny nygtady.

Fransiýanyň pensiýalar baradaky täze düzgüni pensiýa ýaşyny 60 ýaşdan 62 ýaşa ýetirmekligi göz öňünde tutýar.
XS
SM
MD
LG