Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Oşdaky bulagaýçylykda aýyplanýan ýene dört adama iş kesildi


Penşenbe güni Gyrgyzystanyň Oş oblastyndaky Kara-suu raýonynyň sudy şu ýylyň iýunynda ýerli metjitleri bulagaýçylyklar üçin ulananlykda aýyplap, dört adamyň her birini dört ýyl türme tussaglygyna hökum etdi.

Suduň başlygy Koýçubek Jobonow düýn Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda özbek milletinden bolan bu dört raýatyň şu ýylyň 10-njy iýunynda ýerli metjitleriň minaralaryna çykyp, adamlary bulagaýçylyklara çagyrandyklaryny aýtdy.

Gyrgyzystanyň jenaýat derňewçileri bu raýatlaryň ýarygijä golaý minaralardan arap dilinde eden çagyryşlarynyň ýerli etniki özbekleri bulagaýçylyklara çagyrmak üçin berlen bir duýduryş bolandygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG