Sepleriň elýeterliligi

Wudwardyň entek çykmadyk kitaby çekeleşiklere getirdi


«Waşington Post» gazetiniň tanymal žurnalisti Bob Wudward

«Waşington Post» gazetiniň tanymal žurnalisti Bob Wudward

«Waşington Post» gazetiniň tanymal žurnalisti Bob Wudwardyň «Obamanyň uruşlary» atly täze kitaby heniz çapdan çykmanka, ol Birleşen Ştatlarda eýýäm birgiden diskussiýalaryň we çekeleşikleriň ýüze çykmagyna getirdi.

Žurnalist Bob Wudwardyň kitabyndan çap edilen bölekler owgan urşy bilen baglanyşykly prezident Barak Obamanyň administrasiýasynyň öz içinde dowam edip gelýän käbir dawa-jenjelleri açyp görkezýär.

Hususan-da, geljek duşenbe güni, 27-nji sentýabrda çapdan çykjak «Obamanyň uruşlary» atly bu kitapdan «Waşington Post» we «Nýu-Ýork Taýms» gazetlerinde çap edilen bölekler owgan urşy bilen bagly meseläni prezident Obamanyň öz gözegçiligine almak ugrundaky synanyşyklarynyň aňyrsynda Birleşen Ştatlaryň milli howpsuzlygy bilen bagly meseleleriň däl-de, has düýpli syýasy dawalaryň ýatandygyny görkezýär.

Bu kitabyň awtory Bob Wudward 1970-nji ýyllaryň başlarynda «Watergate dawasy» ady bilen belli bolan syýasy dawalar barada öz ýazan makalalary bilen uly meşhurlyk gazanan žurnalist. Şol döwürde onuň ýazan makalalarynyň netijesinde dörän jemgyýetçilik basyşlary sebäpli Birleşen Ştatlaryň şol wagtky prezidenti Riçard Nikson möhletinden öň öz wezipesinden çekilmäge mejbur bolupdy.

Analitiki derňewleri alyp baryjy iň bir meşhur žurnalistleriň hatarynda tanalýan Bob Wudward Birleşen Ştatlaryň prezidentleri barada ýazylan 11 kitabyň awtorydyr.

Özüniň bu soňky kitabynyň üstünde işleýan döwründe oňa Birleşen Ştatlaryň prezident administrasiýasynyň içerki işlerini öwrenmäge çenli ýol berildi. Bob Wudward hatda prezident Obama we prezident administrasiýasynyň käbir beýleki ýokary derejeli resmileri bilen ýüzbe-ýüz söhbetdeşlikleri geçirmäge-de mümkinçilik aldy.

«Obamanyň uruşlary» atly bu kitapda prezident Obamanyň ýurduň Goranmak sekretary Robert Geýts hem-de Owganystandaky harby güýçleriniň komanduýuşisi Deýwid Petreus bilen eden özara maslahaty, ol maslahatda onuň olardan uruş hereketlerini artdyrmak meselesini gozgamazlygy we, tersine, 2011-nji ýyla planlaşdyrylyşyndan hem irräk ol ýerdäki goşunlaryň sanyny nädip azaldyp boljakdygy barada pikir etmekligi talap etmegi ýaly anyk wakalar hem suratlandyrylýar.

Pakistan hem agzalýar

Kitapda okyjylara aýan edilýän faktlardan ýene birem Owganystanda Birleşen Ştatlaryň Merkezi razwedka edarasynyň owgan raýatlaryndan durýan ýörite bir söweşjeň topary döredendigi we bu söweşjeň toparyň alyp barýan işleri barada.

Žurnalist Bob Wudward bu söweşjeň toparyň ozalbaşda göz öňünde tutulyşy ýaly, diňe bir Owganystanyň territoriýasynda talyplary aňtamak bilen meşgullanman, eýsem goňşy Pakistanyň territoriýasynda dürli hili syrly operasiýalary amala aşyrmak bilen-de meşgullanýandygyny ýazýar.

Käbir analitikler bu aýan edilýän faktlaryň Birleşen Ştatlar bilen Pakistanyň gatnaşyklaryny çylşyrymlaşdyrmagynyň mümkindigini aýdýarlar.

Kabul uniwersitetinden syýasy analitik Nasrullah Stanekzaý bu gürrüňi edilýän faktlaryň Kabul bilen Yslamabadyň diplomatik gatnaşyklaryny-da ýaramazlaşdyrmagynyň mümkindigini öňe sürýär.

«Men Owganystanyň hökümeti Pakistanyň territoriýasynda iş alyp barjak nähilidir bir harby toparyň döredilmegine öz razylygyny berendir diýip pikir etmeýärin. Ýöne, geliň, gowsy, hakykat ýüzünde ýagdaýyň nähilidigine birneme garaşyp, syn edeliň. Eger şular ýaly nähilidir bir topar bar bolsa, onda men Pakistanyň muňa negatiw reaksiýa bildirjekdigine asla şübhelenmeýärin» diýip, Stanekzaý aýdýar.

Žurnalist Bob Wudward «Obamanyň uruşlary» atly täze çapdan çykjak bu kitabynda amerikan razwedkasynyň Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaýy ýaramaz nukdaýnazardan suratlandyrmagy ýaly maglumatlary ýa-da Birleşen Ştatlaryň wise-prezidenti Jo Baýdeniň Pakistan we Owganystan boýunça Birleşen Ştatlaryň ýörite wekili Riçard Holbruky «iň bir egoist asylsyz» diýip atlandyrmagy ýaly maglumatlary hem okyjylara ýetirýär.

Ýöne, kitabyň bular ýaly aýratynlyklaryna garamazdan, Ak Tam bu kitabyň, barybir, ahyrky netijede prezident Obamany oýlanyşykly şahsyýet we aýgytly çözütleri tapyjy lider hökmünde görkezýändigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG