Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatly zenan zähmet hukugynyň gözleginde


Düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän Freedom House guramasynyň dünýä ýurtlarynda 2009-njy ýylda zähmetkeşleriň we kärdeşler arkalaşyklarynyň hukuklarynyň berjaý edilişi boýunça ýakynda ýaýrdan hasabatynda Türkmenistan, Özbegistan we Belarus zähmetkeşleriň haklaryny bozýan iň repressiw döwletler diýlip atlandyrylýar.

Freedom House guramasynyň hasabatynda Türkmenistan örän repressiw döwletlerleriň toparyna girýär. Bu topara 14 ýurt girizilip, olaryň arasynda öňki sowet respublikalaryndan Özbegistan we Belarus, Aziýa regionyndan Birma we Demirgazyk Koreýa, Afrika döwletlerinden Ekwatorial Gwineýa, Eritreýa, Sudan we Amerikadan Kuba agzalýar.

Türkmenistanda raýatlaryň zähmet hakyny almak hukuklarynyň bozulyşyna degişli dürli wakalar ýüze çykýar. Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa bilen söhbetdeş bolan “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserniniň Kadrlar bölüminiň öňki işgäri Ogulnabat Saparowa hem özüniň gümürtik ýagdaýda işden boşadylandygyny aýdýar.

Söhbetdeşligi diňlemek üçin sag tarapda ýerleşdirilen audio düwmäni basyň.
XS
SM
MD
LG