Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň syýasaty azatlyklaryň arkasyny tutýar


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Birleşen Milletler Guramsynyň Baş assamleýasynda çykyş edýär, 23-nji sentýabr.
ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Birleşen Milletler Guramsynyň Baş assamleýasynda çykyş edýär, 23-nji sentýabr.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Birleşen Milletler Guramsynyň Baş assambleýasynda eden düýnki çykyşynda Waşingtonyň öňümizdäki ýyllarda ýöretjek daşary syýasatyny suratlandyrdy.

Obama: “Bu bir gaty düşnükli pikir – dünýä üçin gerekli erkinlik, adalat we asudalyk adamlaryň durmuşyndaky erkinlik, adalat we asudalykdan başlanmaly. Birleşen Ştatlar üçin bu bir ahlak meselesi, pragmatik zerurlyk” diýdi.

Amerikan prezidenti 22-nji sentýabrda eden çykyşynda hem şu äheňde gürläp: “Birleşen Ştatlar öz söwda ýoluny üýtgedýär” diýipdi.

Täze çemeleşme


Obama ozal prezidentlige täze saýlanan mahallary özüniň daşary syýasatynyň sütüni hökmünde adam hukuklarynyň, demokratiýanyň ähmiýetini beýle berk nygtamandy. Onuň Amerikanyň ykdysady we milli howpsuzlyk baradaky maksatlaryny amala aşyrmak üçin ileri tutan ýoly beýleki ýurtlar bilen ikitaraplaýyn bähbitler bolupdy. Obamanyň täze çemeleşmesinde adam hukuklary meselesinde jogapkär bütin dünýäniň hökümetleri.

Obama belli bir ýurduň adyny tutman, Wenesuelada, Müsürde we Eýranda bolşy ýaly, graždan jemgyýetiniň basylyp ýatyrylmagyny tankytlady.

“Amerika bu açyklygy güýçlendirýän dünýäni şekillendirmek ugrunda işleýär. Ýapyk ýa korrupsiýa batan bir çüýrük ykdysadyýet adamlaryň gujur-gaýratynyň, täzelikçiliginiň öňüni bökdemeli däl” diýip, amerikan prezidenti aýtdy.

Berk durmaklyga çagyrdy

Obama şeýle hem soňky onýyllyklarda totalitar režimlerden dynan ýurtlaryň raýatlaryny graždan jemgyýeti, adamlaryň hukuklary ugrunda berk durmaklyga çagyrdy.

“Amerikanyň isleýän dünýäsi biziň ýeke özümiziň gurup biljek dünýämiz däl. Adam hukuklary gysyş astyndaky adamlara ýetdirer ýaly, bize siziň sözüňiz gerek. Men aýratyn-da Günorta Afrikadan Günorta Aziýa, Gündogar Ýewropadan Günorta Amerika çenli tiranlygyň astyndan ýaňy çykan milletlere ýüz tutýaryn. Nirede hem bolsa, dissidentler türmä dykylsa, protestçiler urlup-ýenjilse, boş oturmaň. Biziň öz erkinligimiziň bir bölegi üçin tölenmeli baha beýlekileriň erkinligi ugrunda göreşmekdir” diýip, Obama nygtady.

Obamanyň kömekçileri onuň täze çemeleşmesini “pragmatik” diýip häsiýetlendirýärler. Olar: “Onda ritorika kän üns berilmän, ýaňy ýola düşüp gelýän demokratiýalarda erkinlik we adam hukuklaryny goramaga başarnyk döretmäge synanyşylýar” diýýäler.

Synag

Tankytçylaryň garaýşyça, Obamanyň administrasiýasy onuň bu aýdýanlaryny amala aşyrarmy ýa aşyrmaz, muny wagt görkezmeli.

Amerikan prezidentiniň azerbaýjan prezidenti Ylham Alyýew we gyrgyz prezidenti Roza Otunbaýewa bilen şu günki duşuşygy bu barada synag bolup biler.

Azerbaýjan adam hukuklarynyň ýaramaz ýagdaýy sebäpli “Amnesty Internationl” we “Human Rights Watch” ýaly hökümete degişli däl guramalar tarapyndan berk tankyt astynda.

Gyrgyzystanda hem hukuk goraýjy toparlar ýaňy tomus turan etniki çaknyşyklary barlamak we sud prosesleriniň adalatly geçmegini üpjün etmek barada hökümetiň wadasyny sorag astyna alýarlar.
XS
SM
MD
LG