Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

H5+1 Eýran bilen gepleşiklere taýýar


Ýewropa Bileleşiginiň baş diplomaty Katerin Aşton
Ýewropa Bileleşiginiň baş diplomaty Katerin Aşton

Eýranyň jedelli ýadro programmasyny jylawlamaga synanyşýan dünýäniň alty güýçli döwleti bu dawanyň diplomatik çözgüdini tapmak baradaky niýetlerinde özleriniň berk we agzybir durandyklayny aýdýarlar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň öň ýanynda Nýu Ýorkda geçen alty döwletiň duşuşygyny ýola goýan Ýewropa Bileleşiginiň baş diplomaty Katerin Aşton. Duşuşyga gatnaşanlar H5+1 topary, ýagny Birleşen Milletler Guramsynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň 5 hemişelik agzasy: Amerikanyň Bileşen Ştatlary, Britaniýa, Fransiýa, Hytaý we Orsýet, şeýle hem Germaniýa.

Aşton tarapyndan okalan beýannamada bu ýurtlar özleriniň Eýran bilen iş salyşmaga taýýardyklaryny bildirdiler. “Biziň maksadymyz henizem giňişleýin, uzak möhletli gepleşikler arkaly gelnip, Eýranyň ýadro programmasynyň parahaçylykly häsiýeti barada halkara ynamy dikeltjek bir çözgüt” diýip, Aşton aýtdy.

Aşton 2009-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda Ženewa duşuşygynda gazanylan düşünişmeleri amala aşyrmak kontekstinde bu ýurtlaryň Eýran bilen iş salyşmaga taýyndyklaryny bildirdi. Bu duşuşykda Eýran özüniň baýlaşdyrylan uranyny Fransiýa we Orsýete iberip, onuň deregine Tährandaky barlag reaktory üçin ýangyç almak bilen ylalaşypdy. Ýöne soňra Eýranyň ilki ýangyç gelmese, uran eksportirlemejekdigini aýtmagy netijesinde bu ylalaşyk başa barmady.

Onsoň ýaňy iýun aýynda Waşingtonyň tagallasy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalary Eýranyň garşysyna dördünji gezek sanksiýa girizmek bilen ylalaşdylar. Munda hem nyşana alynýan ilkinji nobatda Eýranyň bank we gämi gatnawy sektorydy. Bu göçümden soň Birleşen Ştatlar bilen Ýewropa Bileleşigi birtaraplaýyn sanksiýa girizip, Eýranyň ykdysadyýeti baradaky çäklendirmeleri güýçlendirdiler.

“Paýhassyz”

21-nji sentýabrda Birleşen Milletler Guramasynda eden çykyşynda Orsýetiň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bu çäklendirmeleri “paýhassyz” diýip atlandyrdy: “Biz diňe käbir ýurtlar tarapyndan ösüp gelýän belli bir ýurduň garşysyna Birleşen Milletler Guramsynyň hartiýasynda ylalaşylmadyk ýa-da Howpsuzlyk Geňeşi tarapyndan hukuk berilmedik ýagdaýda çäklendirme girizilmeginiň özümizi çynlakaý aladalandyrýanlygyny aýdyp bileris”.

Halkara parahatçylyk baradaky Karnegi merkeziniň Orsýet we Ýewraziýa programmasynyň direktorynyň orunbasary Metýu Rojanskiniň garaýşyça, Orsýetiň Tähran baradaky birtaraplaýyn sanksiýalara garşy çykmagynyň ençeme sebäbi bar: “Orsýetiň Tähran bilen söwda gatnşyklaryny aýtmanyňda-da, Moskwanyň garşy bolmagynyň iň bir möhüm delili Eýranyň Orsýetiň regional bidüzgünçiliklerinde rol oýnap bilmek mümkinçiligi”.

Rojanskiniň garaýşyça, mesele Eýranyň gylyjynyň Kawkazda Orsýetiň depesinden sallanyp duranlygy. “Eýran Kawkazda, hatda Orsýetiň özünde-de iş alyp barýan yslamçy pitneçileri maliýeleşdirip, olary ýarag bilen üpjün edip, Orsýete häzirkisinden köp howp salyp biler. Beýleki tarapdan bolsa, Orsýet öz üstüne häzir Eýran tarapdan howp duýanok. Ol şu ýagdaýy häzirki bolşy ýaly saklajak bolýar” diýip, Rojanski aýdýar.
XS
SM
MD
LG