Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG özbek žurnalistleriniň ýagdaýyna alada bildirdi


Dunýa Miýatowiç
Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy Özbegistandaky žurnalistleriň yzarlanmagy bilen bagly alada bildirdi.

ÝHHG-niň metbugat azatlygy boýunça wekili Dunýa Miýatowiç Özbegistanyň daşary işler ministri Wladimir Norowa ýollan hatynda žurnalistler Abdumalik Boboýew we Wladimir Berezowski barada alada edýändigini mälim etdi. Bu žurnalistleriň ikisi hem Özbegistanda töhmet atmakda aýyplanyp, olaryň garşysyna jenaýat işi gozgaldy.

Uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm edilip, özbek türmelerinde saklanýan beýleki žurnalistler Dilmurod Saide, Saližan Abdurahmanow we Haýrullo Hamidow dagylaryň ykballary barada özleriniň çuňňur alada edýändiklerini ÝHHG-niň wekili özbek resmisine ýollan hatynda bildirdi.
XS
SM
MD
LG