Sepleriň elýeterliligi

Obama azeri kärdeşini adam hukuklaryny goramaga çagyrdy


Nýu Ýorkda BMG-niň Baş assambleýasy dowam edýän wagty, anna güni ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýew bilen duşuşdy. Prezident Obama kärdeşi Aliýewi Azerbaýjandaky adam hukuklaryny goramakda has gowy işleri bitirmäge çagyrdy.

Ak Tam tarapyndan ýaýradylan beýanata görä, duşuşykda prezident Barak Obamanyň gozgan meselesi onuň 23-nji sentýabrda BMG-niň Baş assambleýasynda eden çykyşyna laýyk boldy. Ol Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýewi öňki sowet döwleti bolan Azerbaýjanda demokratik reformalary geçirmäge çagyrdy.

Şeýle hem Obama azerbaýjanly kärdeşini azatlykdan mahrum edilen azeri blogçylary Adnan Hajizada we Emin Millini tussaglykdan boşatmaga çagyrdy. Olar azeri hökümeti bilen bagly satiriki wideony internete ýerleşdiripdiler.

Iki blogçynyň maşgalalary şu hepde Obama ýüzlenip, onuň Aliýewden blogçylaryň azatlyga çykarylmagyny soramagyny haýyş edipdiler. Olar Obamanyň sözüniň “söz azatlygynyň we adalatyň goragy ugrunda güýçli ýaňlanjakdygyny” aýdypdylar.

Gepleşiklerde Daglyk Garabag konfliktini kadalaşdyrmak barasynda–da gürrüň boldy.

BMG-niň Baş assambleýasynyň 65-nji sessiýasynda eden çykyşynda prezident Barak Obama ABŞ-nyň daşary syýasatynyň sütüni hökmünde adam hukuklarynyň we demokratiýanyň ähmiýetini berk nygtapdy.
XS
SM
MD
LG