Sepleriň elýeterliligi

Eýranyň türmensinden azat edilen amerikaly Ahmedinejad bilen duşuşdy


Ýakynda Eýranyň türmesinden azatlyga çykarylan amerikaly Sara Şurd Nýu-Ýorkda Eýranyň prezidenti Ahmedinejad bilen duşuşdy.

Amerikanyň AWS telekanalyna beren interwýusynda Şurd BMG-niň Baş assambleýasynyň maslahatyna gatnaşmak üçin ABŞ-a gelen Ahmedinejaddan geçen ýylyň iýul aýynda özi bilen bile tutulan iki ýoldaşynyň-da azatlyga çykarylmagyny haýyş edendigini aýtdy.

“Ejem ikimiz bilen duşuşmaga razylyk bereni üçin we Eýranyň türmesinde oturan iki ýoldaşymyň eneleri bilen öz wekiliniň duşuşmagyna rugsat bereni üçin Ahmedinejada minnetdarlyk bildirmek isleýärin. Men türmede otyrkam, prezident bilen bir duşuşsamdym diýip, dileg edipdim. Men hoşal, men bolup geçen wakany onuň hut özüne gürrüň berdim. Men munuň üçin oňa minnetdar we şu duşuşygyň beýleki iki ýoldaşyma kömek etjegine umyt baglaýaryn” diýip, Sara Şurd aýtdy.

3 amerikan graždany Eýran-Yrak serhedinde geçen ýyl saklanypdy. Olar goňşy ýurda syýahat edip ýörkä, tötänden Eýrana girendiklerini tassyklasa, Eýran häkimiýetleri olary içalyçylykda aýypladylar.
XS
SM
MD
LG