Sepleriň elýeterliligi

Yrakda hökümet düzmek problemasy dowam edýär


Yragyň häzirki premýer-ministri Nury al-Maliki täze hökümete baştutanlyk eden halatynda, oňa gatnaşmakdan ýüz öwürjekdiklerini öňki premýer-ministr Aýýad Alauiniň tarapdarlary aýdýarlar.

Al-Malikiniň baştutanlygyndaky şaýylar blogyndan mart aýynda geçirilen partlement saýlawlarynda biraz öňe düşen “Irakiýa” blogynyň wekilleri täze hökümet düzmekde kynçylyklar döredýärler. Olar hökümet düzmegiň öz liderleri Alauwa berilmegine aýak direýärler.

Halkara jemgyýetçiligi täze hökümet düzmekde tiziräk ylalaşyga gelmäge taraplary ençeme gezek çagyrdy. Ýöne saýlawlardan bäri ýedi aý gowrak wagt geçendigine garamazdan, Yrakda täze hökümet düzmek prosesi tamamlanardan daşda.
XS
SM
MD
LG