Sepleriň elýeterliligi

Mahaçgalada ýörite operasiýanyň netijesinde 4 söweşiji öldürildi


Mahaçgalada iki gün bäri dowam edýän ýörite operasiýanyň netijesinde 4 söweşiji öldürildi.

Federal howpsyzlyk gullugynyň ýerli edarasynyň maglumatyna görä, operasiýa tamamlaýjy döwrüne ýetipdir, söweşijileriň gizlenen öýünden ýarag, ok-däri alnypdyr. Derňew başlandy.

Şäherde kontrterroristik režim hereket edýär.

Mundan öň bir hususy jaýda söweşijiler toparynyň daşy gabaldy. Atyşykda ýörite bölümiň iki harbysy heläk boldy.

Öten agşam janyndan geçen gabawyň golaýynda özüni partlatdy. Partlama netijesinde, dürli maglumatlara görä, 26-dan 44-e çenli adama zeper ýetipdir.
XS
SM
MD
LG