Anna güni geçirilen hökümet maslahatynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “resmi materiallary taýýarlamakda we ýokary derejede hem öz wagtynda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan etmekde goýberen kemçilikleri üçin” öz metbugat sekretary Kakageldi Çaryýardurdyýewe berk käýinç yglan etdi.
Döwlet baştutanynyň gol çeken görkemesine laýyklykda, K.Çaryýardurdyýewe işi talabalaýyk gurnap bilmese, wezipesinden boşadylmagynyň mümkindigi duýduryldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi mediasy habar berýär.