Sepleriň elýeterliligi

6 aýda 2 müň çemesi owgan ofiseri öldürildi ýa ýaralandy


Owganystanyň Içeri işler ministrliginiň sözçüsi geçen alty aýda ýurduň polisýa ofiserleriniň tas 2 müň çemesiniň pitneçi hüjümleri netijesinde ýa öldürilendigi, ýa ýaraly bolandygyny aýtdy.

Zemaraý başary bomba partlamalary, janyndan geçenleriň hüjümleri, göni çaknyşyklar we harby operasiýalar mahalynda 595 polisiýa ofiseriniň öldürilendigini, 1345-siniň bolsa ýaralanandygyny aýtdy.

NATO-nyň Owganystandaky tälim missiýasy şu wagta çenli 136 müňden gowrak owgan esgerine we 119 müň 600-den gowrak polisiýa ofiserine tälim berdi.
XS
SM
MD
LG