Sepleriň elýeterliligi

Pakistanda goşuny tankytlan ministr işden çekildi


Pakistanyň goranyş önümleri ministri goşuny tankytlandan soň işden çekildi.

Abdul Kaýum Jatoý şenbe güni efire berlen metbugat konferensiýasynda pakistan goşunynyň syýasy kast edişe goşulmak üçin däl-de, ýurdy goramak üçin maliýeleşdirilýändigini aýtdy.

Ol 2006-njy ýylda harby operasiýa netijesinde öldürilen buluç tire lideri Nawab Akbar Bagtini, 2007-nji ýylda bir saýlaw ýygnanyşygynda çykyş edenden soň öldürilen öňki premýer-ministr Benazir Bhuttony ýatlady.

Premýer-ministr Ýusuf Reza Gilani ony çagyryp, bu aýdan sözlerine düşündiriş bermegini sorady. Jatoý şondan soň işden çekildi.
XS
SM
MD
LG