Sepleriň elýeterliligi

Howa zarbalary Demirgazyk Weziristanda 7 adamy öldürdi


Demirgazyk Weziristandan gowşan habarlarda howadan urlan iki raktanyň 7 adamy öldürendigi aýdylýar. Bu hadysa Pakistanyň demirgazyk-günbatarsynda, owgan serhentin golaý ýerde bolupdyr.

Pakistanyň aňtaw gulluklarynyň resmileri raketa zarbalarynyň Demirgazyk Weziristanyň tire sebitinde bir jaýy nyşana alandygyny we güman edilýän jeňçileriň edisiniň öldürilendigini aýtdy. Bu zarbalar Birleşen Ştatlaryň adamsyz uçaryndan urlandyr öýdülýär.

Assoşeýted presiň pakistan aňtaw gullugynyň maglumatlary esasyndaky hasaplamalaryna görä, şu aýda Birleşen Ştatlar demirgazyk-günbatar Pakistana şeýle zarbalaryň 19-syny urdy we 90 çemesi adamy öldürdi.
XS
SM
MD
LG