Sepleriň elýeterliligi

Ýaponiýa Hytaýyň ötünç talabyny ret edýär


Ýaponiýa Hytaýyň dawaly adalaryn golaýynda tussag edilen balykçy gämisiniň kapitany üçin ötünç soramak barada gaýtalap eden talabyny ret etdi.

Ýaponiýanyň premýer-ministri Naota Kan Hytaýyň daşary işler ministrliginiň Tokio ötünç soramaly diýen talabyny gaýtalandan bir gün soňra «ötünç ýa kompensasiýa akyla sygjak sat däl» diýdi.

Hytaýly kapitan 8-nji sentýabrda, balykçy gämisi ýaponiýanyň iki sany patrul gämisi bilen çakyşanda tutulypdy.

Bu waka Ýaponiýa, Hytaý we Taýwan tarapyndan dawa edilýän adalaryň golaýynda boldy.
XS
SM
MD
LG