Sepleriň elýeterliligi

Eýran tanymal kinoçy Farhadiniň çägini daraldýar


Ýerli maglumatalara görä, eýran häkimiýetleri belli kinorežissýor Asgar Farhadiniň tamamlanmadyk filmine berlen rugsady yzyna aldy.

Aýdylmagyna görä, režissýor Eýranyň oppozisiýadaky Ýaşyllar hereketi barada oňyn gürrüň edipdir.

Medeniýet ministriniň orunbasary Jawad Şamakdari Farhadiniň «Nader Simin bilen aýrylyşýar» atly filmi režissýoryň golaýda bolan sylag dabarasynda aýdan «nälaýyk sözleri» sebäpli öz ygtyýarnamasyny ýitirdi diýipdir.

Farhadi, aýdylmagyna görä, Berlinde geçen halkara kino festiwalynda öz «Elli hakynda» atly filmi üçin 2009-njy ýylyň iň gowy režissýory diýen sylag berlende Eýranda köp özgerişlik görmek isleýändigini aýdypdyr.
XS
SM
MD
LG