Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Polýak awtobus heläkçiliginde azyndan 12 adam öldi


German polisiýasy Berliniň gündogaryndaky uly ýolda agdarylan polýak syýahat awtobusynda azyndan 12 adamyň ölendigini aýtdy.

Ýaralananlaryň ýedisiniň agyr ýagdaýdadygy, 27 adama bolsa ölüm howpy bolmadyk ýara düşendigi aýdylýar.

Awtobus Ispaniýa dynç almaga giden 49 polýagy yzyna alyp gelýän eken.

Polşanyň premýer-ministri Donald Task bilen saglyk ministri Iwa Kopaç ýaralylaryň halyny soramak üçin Germaniýa, ýol hadysasynyň bolan ýerine geldi.
XS
SM
MD
LG