Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýylyň Günbatar kenardaky gurluşyk doňdurmasy tamam boldy


Ysraýlyň basylyp alnan Günbatar kenardaky gurluşyklary bölekleýin doňdurmak maratorisi tamam boldy.

Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netenýahu ýarygije tamam bolan maratoriden biraz soň çykyş edip, palestin prezidenti Mahmud Abbasy «peýdaly we dogruçyl gepleşikleri» dowam etmäge çagyrdy.

Ysraýylyň lideri Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obamanyň gurluşyklary doňdurmagyň möhletini uzaltmaga çagyryşyna garşy çykdy. Emma Birleşen Ştatlar ýekşenbe güni, Ysraýylyň kararyna garamazdan, iki tarapyň hem gepleşikleri dowam etdirmegi barada tagalla edýändigini aýtdy.

Abbas gurluşyklary doňdurmak möhleti uzaldylmasa, gepleşiklerden çekiljegini aýdyp haýbat atdy.
XS
SM
MD
LG